Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hökümet pagta planyny artdyrjakdygyny aýdýar, hukuk toparlary mejbury pagta önümçiligine ünsi çekýär


Mary welaýatynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerler pagta ýygýar. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren hökümet maslahatynda üstümizdäki ýyl pagta plan borçnamasynyň 1 million 250 müň tonna çenli çykaryljakdygyny aýtdy.

Bu ýyl Türkmenistanda 1 million 50 müň tonna pagta hasyllyny ýygnamak planlaşdyrylýar.

Ýerli synçylar sowet döwründen gelýän pagtaçylyk praktikasynyň saklanyp galmagyna, şor suwlaryň toplanmagy bilen döreýän ekologiýa problemalaryna “baş galdyrylmazlygyna” çynlakaý alada bildirýärler. Olaryň pikiriçe, pagtaçylygyň ozalky negatiw netijeleri, şol sanda geçen ýyl Türkmenistanda ýüze çykan ekologiýa hadysalary oýlanmaga ýeterlik esas berýär.

Bu aralykda, 31-nji ýanwarda düýbi Waşingtonda ýerleşýän International Labor Rights Forum guramasy Thomson Reuters Foundationyň saýtynda çap eden habarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Amazon we eBay söwda maksatly saýtlarynyň hem-de Walmart söwda kompaniýasynyň türkmen pagtasyndan öndürilýän harytlary satýandygyny habar berdi. Maglumatda Birleşen Ştatlaryň Gümrük gullugynyň türkmen pagtasynyň we ondan öndürilen ähli harytlaryň Birleşen Ştatlaryň çägine getirilmeginiň 2018-nji ýylyň maý aýyndan başlap gadagan edilendigine ünsi çekilýär.

Makalada aýdylmagyna görä, düýbi Wirginiýada ýerleşýän “Goza Towels” atly fir firma 100 % türkmen pagtasynyň önümlerini Birleşen Ştatlara getirip “Amazon” Walmart” we “eBayde” satýar.

Makalanyň awtorlary ýagdaýy içgin öwrenmek üçin “Goza Towels” bilen habarlaşýar. Firmanyň wekilleri satuwa çykarylýan önümleriň Birleşen Ştatlarda türkmen pagtasyna girizilen gadagançylykdan has ozal ýurda import edilendigini aýdýar.

Beýleki tarapdan, makalada aýdylmagyna görä, International Labor Rights Forumyň wekilleriniň soragy boýunça, Birleşen Ştatlaryň Gümrük gullugy gadagançylyk bilen bagly kanun bozmalara ýol berlip berilmändigini derňemegi wada berdi.

Prezident Berdimuhamedow üýtgedilip gurlan Oba hojalyk we daşky gurşawyň goragy ministrligine 1-nji fewralda täze ýolbaşçy belledi, emma mejlisde ekologlaryň Türkmenistanda pagtaçylyk, zeý suwlary we ekologiýa hakynda bildirýän aladalaryny agzamady.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy şor suwlaryň bir ýerde toplanmagy bilen bagly ýerli mediada döwlet propagandasynyň ýöredilýändigini habar berdi.

Balkan welaýatynyň “Balkan” gazeti 29-njy ýanwardaky sanynda “Eşret köli” ady bilen makala çap etdi.

“Hazir Garaşor çöketligine ýygnanan suwuň mukdary 580 mln kub metre ýetdi” diýip, makalada aýdylýar.

Ýerli synçylar ozal pagtaçylygyň, soňra şor suwlary zeýkeşlere toplap, uzak aralyga akdyryp, bir ýere toplajak bolmagyň, emeli köl gurmagyň, milliardlarça dollar çykdayjydan başga, daşky gurşawa, adamlaryň saglygyna-da uly howp salýandygyny öňe sürýärler.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistan bu ýyl hem, geçen ýyldaky ýaly, 1 mln 50 müň tonna pagta öndürmegi planlaşdyrýar. Bu pagta hasylyny almak üçin 545 müň gektar ýeriň bölünip berlendigi aýdylýar.

Geçen ýyl Türkmenistanda gurakçylyk we suw desgalaryna ýeterlik ideg edilmezligi sebäpli pagta we beýleki ekinleriň hasyly gowy bolmady. Bu ýagdaý ýurtda un, çörek, ösümlik ýagy, ýumurtga ýaly önümleriň nobatlarynyň döremegine alyp geldi.

1-nji fewralda geçirilen hökümet maslahatynda pagtaçylyk praktikasy we onuň getiren agyr netijeleri hakynda açyk gürrüň edilmedi.

Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, ýerleriň şorladylmagy, barha çylşyrymlaşýan ekologiýa problemalary hem-de nädogry pagtaçylyk praktikasy oňaýsyz netijelere getirýär.

Bu pikiri pagtaçylykda çaga zähmetiniň we mejbury zähmetiň ulanylmagyna garşy kampaniýa alyp barýan aktiwistler hem goldaýar. Olar türkmen hökümetiniň pagta hasylyny toplamak üçin mejbury zähmetden peýdalanýandygyny aýdyp, okuwçylara bilim almaga, mugallymlara we lukmanlara öz işleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik berilmegine çagyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG