Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-a importy gadagan edilen ‘türkmen pagtasynyň önümleri’ ‘Amazon’ we ‘Walmartda’ satylýar


Illýustrasiýa suraty. Açylan goza
Illýustrasiýa suraty. Açylan goza

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan” merkezi gazeti 27-nji noýabrdaky sanynda türkmen pagtasyndan öndürilen önümleriň Birleşen Ştatlarda satylýandygy barada “buýsanç bilen” habar berýär.

“Söwda läheňleri türkmen dokmasyny dünýä çykarýar” ady bilen okyjylara ýetirilen makalada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Walmart” söwda kompaniýasynyň hem-de “Amazon.com” söwda maksatly saýtynyň türkmen pagtasyndan öndürilýän önümleri alyjylara ýetirýändigi habar berilýär.

Döwlet eýeçiligindäki "Türkmenistan" gazeti türkmen pagtasyndan taýýarlanan önümleriniň "Amazonda" we "Walmartda" satylýandygyny 'buýsanç bilen' 27-nji noýabrda habar berdi. Twitter sosial ulgamynda paýlaşylan surat.
Döwlet eýeçiligindäki "Türkmenistan" gazeti türkmen pagtasyndan taýýarlanan önümleriniň "Amazonda" we "Walmartda" satylýandygyny 'buýsanç bilen' 27-nji noýabrda habar berdi. Twitter sosial ulgamynda paýlaşylan surat.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Gümrük gullugy 2018-nji ýylyň 18-nji maýyndan başlap, Türkmenistanda öndürilen pagtanyň, şeýle-de Türkmenistanyň pagtasyndan taýýarlanan islendik ýurduň önümleriniň ähli görnüşiniň ABŞ-a import edilmegine gadagançylyk girizdi. Muňa garamazdan, “Walmart” we “Amazonda” türkmen pagtasyndan öndürilendigi aýdylýan harytlar satuwa çykarylýar. Azatlyk Radiosy häzirki wagtda bu harytlaryň haýsy şertlerde satylýandygy barada “Walmart” we “Amazondan” şeýle-de Birleşen Ştatlaryň Gümrük gullugyndan kommentariýa almaga synanyşýar.

19-njy noýabrda türkmen hökümetine ýakyn habarlary çap edýän “Atavatan Türkmenistan” internet neşiri düýbi Wirginiýada ýerleşýän “Goza” kompaniýasynyň Türkmenistanda öndürilen 100 % pagtadan taýýarlanan el süpürgiçlerini, matalary hem-de beýleki dokma önümlerini ABŞ-nyň bazarlaryna çykarýandygyny habar berdi.

“Türkmenistan” gazeti türkmen dokma önümleriniň “Amazon” we “Walmartda” dünýä ýetirilmeginiň türkmen dokmasyna hem-de onuň söwdasy bilen meşgullanýan kompaniýalara “meşhurlygyň we hyrydarlygyň täze basgançaklaryny getirýändigini”, hususan-da el süpürgiçleriň geçginli harytlara öwrülendigini öňe sürýär.

“Walmart” we “Amazon.com” saýtlarynda “Goza Towels” kompaniýasynyň adyndan satuwa çykarylan el süpürgiçleriň 100 % Türkmenistanda öndürilen pagtadan taýýarlanandygy aýdylýar.

100 % türkmen pagtasyndan öndürilendigi aýdylyp, “Amazonda” satuwa çykarylan degişli harytlaryň giň ýaýramagyna saýt özüniň “sponsored” funksiýasy bilen hemaýat edýär.

Saýt "sponsored" funksiýasynyň üsti bilen harydyň giň ýaýramagyna hemaýat edýär. Resmi web sahypadan alnan surat.
Saýt "sponsored" funksiýasynyň üsti bilen harydyň giň ýaýramagyna hemaýat edýär. Resmi web sahypadan alnan surat.

Galyberse-de, türkmen pagtasyndan ýasalandygy aýdylýan harytlar “Amazonyň saýlanlary” diýen sanawda-da peýda bolýar. Ýagny, başga söz bilen aýdylanda, saýt degişli önümleriň bildirişlerine, saýtyň içerki düzgünlerine laýyklykda”, “Amazon’s Choice” belgisini goýup alyjylary olary satyn almaga ugrukdyrýar.

El süpürgiçleriň “Walmartyň” saýtynda satuwa çykarylan bildirişlerinde olaryň Türkmenistanda 100 % pagtadan öndürilendigi aç-açan mälim edilýär.

Türkmen pagtasyndan öndürilendigi aýdylyp, Walmartyň saýtynda goýlan bildiriş
Türkmen pagtasyndan öndürilendigi aýdylyp, Walmartyň saýtynda goýlan bildiriş

Halkara hukuk toparlary Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyny yzygiderli tankyt edip gelýär.

Ýöne döwlet metbugatynyň habarlaryna görä türkmen pagtasyndan taýýarlanan önümleriň hyrydarlary, hatda käbir günbatar ýurtlaryndan bolan alyjylary az däl.

Türkmenistanyň döwlet habar gullugynyň (TDH) 24-nji noýabrda habar bermegine görä, geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda türkmen pagtasyndan öndürilen nah ýüplügini satyn alan käbir döwletler hasaba alnypdyr. Olaryň hatarynda beýleki käbir ýurtlardan gelen telekçiler bilen bir hatarda Beýik Britaniýadan, Şotlandiýadan, Türkiýeden, Estoniýadan gelen işewürler bar, galyberse-de, “Türkmenistan” gazetiniň soňky habaryna görä, geçen hepde türkmen pagtasynyň nah ýüplügini satyn alanlaryň hataryna Kanada döwletiniň işewürleri hem goşulýar.

Şeýle-de, ABŞ-nyň türkmen pagtasynyň importyna girizen gadagançylygyna garamazdan, görnüşinden, türkmen pagtasyndan taýýarlanan önümler Birleşen Ştatlaryň çäginde hasaba alnan kompaniýa arkaly amerikaly müşderilere ýetirilýän ýaly.

Pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmete garşy göreşýän “Cotton Campaign” toparynyň binýadynda ençeme hukuk guramalary şu ýylyň 1-nji oktýabr güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Nýu-Ýorka eden saparyna gabatlap, BMG-nyň baş binasynyň öňünde Türkmenistanyň pagta meýdanlaryndaky mejbury zähmete protest bildirip nägilelik çäresini geçirdi.

2016-njy ýylyň dowamynda dünýä belli Şwesiýanyň “H&M” we “IKEA”, şeýle-de “Adidas”, “Esprit” ýaly global markalar, şol sanda sermaýaçylardan, biznes jemgyýetlerinden, kärdeşler arkalaşyklaryndan hem-de hukuk goraýyjy toparlardan düzülen 60 töweregi wekil Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetiň ulanylmagy boýunça çykyş etdiler.

XS
SM
MD
LG