Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Krasnodarly adam iýýänler’ diýlip tanalýan sud işi bilen bagly bir zenan günäli tapyldy


Natalýa Bakşeýewa we Dmitriý Bakşeýew
Natalýa Bakşeýewa we Dmitriý Bakşeýew

Bir rus zenany “Krasnodarly adam iýýänler” diýlip tanalýan sud işi bilen baglanyşykly adam öldürmäge we ony böleklere bölmäge öjükdirmekde günäli tapyldy.

Russiýanyň günortasyndaky Krasnodar şäheriniň sud resmileriniň 5-nji fewralda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, emin agzalary 43 ýaşly Natalýa Bakşeýewany mundan bir gün ozal günäli tapypdyrlar.

Bakşeýewa 36 ýaşyndaky adamysy Dmitriý Bakşeýewi, 2017-nji ýylyň sentýabrynda öz öýlerinde bolan dawa-jenjelden soňra bir zenany öldürmäge çagyrmakda aýyplanýardy.

Bakşeýew hem tussag edildi, ýöne ol häzirki wagt inçe keselinden saglyk bejergisini alýar. Onuň Bekşeýewadan aýratynlykda sud edilmegine garaşylýar.

Derňewçiler Bakşeýewanyň öýünde başga adamlaryň böleklerini hem tapandan soňra, “adam iýmek” wakasyndan şübhelenýärler.

XS
SM
MD
LG