Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lawrow: Türkmenistan gaz pudagynda Russiýa bilen täze, uzak möhletli we giň gerimli ylalaşyklary maksat edinýär

update

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aşgabatda duşuşýar, 6-njy fewral, 2019-njy ýyl

Türkmenistan gaz pudagynda Russiýa bilen täze iri ylalaşyklary maksat edinýär diýip, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen 6-njy fewralda Aşgabatda geçiren duşuşygyndan soň metbugatda çykyş etdi.

Bu barada Russiýanyň Interfaks habar gullugy maglumat berýär.

“Biziň duşuşygymyzyň dowamynda, türkmen prezidenti gaz meseleleri boýunça gepleşikleriň barşyndan kanagatlanýandygyny aýtdy. Gepleşikler täze, uzak möhletli we giň gerimli ylalaşyklary göz öňünde tutýar” diýip, Lawrow aýtdy.

Iki ýurduň arasyndaky hökümetara söwda-ykdysady komissiýanyň geçirjek duşuşygynda ikitaraplaýyn nebitgaz hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşylar. Duşugyň geçiriljek wagty bilelikde kesgitlener diýip, Lawrow aýtdy.

Ol Gazprom bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasynda türkmen gazyny Russiýa ibermek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini belledi.

“Men şuny aýdyp bilerin, ýagny türkmen prezidenti biziň gatnaşyklarymyza baha berende Gazprom bilen geçirilýän gepleşikleri makullady. Gepleşikler dowam edýär” diýip, Interfaks Lawrowyň sözlerini getirdi.

Prezident Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşgyndan soň Lawrow Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow bilen duşuşdy.

Meredow türkmen prezidenti bilen rus daşary işler ministriniň arasynda “örän gowy duşuşygyň” geçirilendigini aýtdy.

“Prezident Russiýa bilen Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşdygyny nygtady” diýip, Meredowyň sözleri Interfaksda sitirlendi.

Lawrow žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan beýleki käbir meseleler bilen bir hatarda bilim we medeniýet pudgaynda rus-türkmen gatnaşyklarynyň ýagdaýyna-da ünsi çekdi.

Ol häzirki wagtda 30 müňden gowrak türkmen studentiniň Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýandygyny aýtdy. Şeýle-de, ol prezident Berdimuhamedowyň Türkmenistanda rus diline aýratyn ähmiýet berýändigini, Aşgatabatda ýerleşýän Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebiniň ýurduň iň göreldeli bilim ojaklarynyň hataryndadygyny aýtdy.

Russiýa 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen gazyny satyn almagy bes edipdi.

“Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Miller 2018-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda we 28-nji noýabrynda yzly-yzyna iki gezek Aşgabada sapar edip türkmen prezidenti bilen duşuşdy.

Şonda peýda bolan metbugat habarlarynda Russiýanyň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen gazyny täzeden import edip başlajakdygy aýdyldy.

Türkmen metbugaty bu duşuşyklarda türkmen gazynyň Russiýa ekport edilmeginiň täzeden ýola goýulmagynyň maslahat edilendigini habar beripdi.

“Biz ýakyn geljekde, ýagny 2019-njy 1-nji ýanwaryndan başlap “Gazpromyň” türkmen gazyny satyn alyp başlamagy ugrunda gepleşikleri geçirýäris” diýip, Milleriň sözleri metbugatda getirildi.

Ýöne, resmi maglumatlara görä, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky gaz söwdasy heniz täzeden dikeldilmedi.

Sergeý Lawrow regiona sapar etmezden ozal, 1-nji fewralda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Moskwadaky missiýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Ol 6-njy fewralda Aşgabada eden saparyndan ozal 5-nji fewralda Duşenbä, 4-nji fewralda Bişkege sapar etdi.

Lawrowyň Gyrgyzystana, Täjigistana we Türkmenistana edýän sapary Birleşen Ştatlaryň ýörite wekiliniň Owganystan boýunça Talyban bilen Dohada geçiren parahatçylyk gepleşikleriniň yzýanyna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG