Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen nebitiniň Russiýanyň üstünden üstaşyr eksport edilmegi fewralda täzeden ýola goýlar


Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara porty. Illýustrasiýa suraty. Arhiwden alyndy.

Türkmenistanda öndürilýän nebitiň Russiýanyň Gara deňizde ýerleşýän Noworossiýsk portunyň üsti bilen üstaşyr eksport edilmegi öňümizdäki fewralda täzeden dikeldilýär diýip, Roýters habar berýär. Agentlik maglumatynda ýangyç bazaryndan habarly dört çeşmesine salgylanýar.

Türkmenistan 2016-njy ýylda Russiýanyň üstünden tranzit nebit eksportyny togtadypdy. Şondan bäri ýurtda öndürilýän çig nebit Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turba geçirijisi arkaly türk Ortaýer deňiz portlaryna iberilýärdi.

Habarda aýdylmagyna görä, Mahaçkala – Noworossiýsk turba geçirijisi boýunça türkmen nebitiniň iberilmegi Russiýanyň Transneft ulgamyna aýda 200 müň tonna nebit goşar.

Şeýle-de, Roýtersiň çeşmesiniň sözlerine görä, Vitol halkara treýding kompaniýasy eýýäm Türkmenistanyň Çeleken we Ekerem nebit känlerinden Russiýanyň Mahaçkala portuna nebit iberip başlady.

Vitol Çelekeniň nebit çäklerini “Dragon Oil” kompaniýasyndan Ekeremiň näbit känini “Eni” kompaniýasyndan alypdyr.

Çelekende ýylda 2.4 million tonna, Ekeremde her ýyl 300 müň tonna nebit çykarylýar.

Türkmenistanyň “Nebitgaz” elektron gazetiniň maglumatlaryna görä, Vitol treýding kompaniýasy Russiýanyň Rosneft kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Düýbi Ženewada ýerleşýän Vitol kompaniýasy her ýyl dürli ýurtlaryň arasynda 350 million tonnadan gowrak nebit daşap, 250 töweregi nebit daşaýjy tankerlere we gämilere eýeçilik edýär.

Roýters habar agentliginiň çeşmeleriň maglumatlaryna görä, Noworossiýskiniň üsti bilen türkmen nebitiniň iberilmegi uzakmöhletleýin häsiýete eýedir.

Russiýanyň üsti bilen türkmen nebitiniň daşary ýurtlara üstaşyr eksporty ýola goýulýan wagty, türkmen gazynyň Russiýa täzeden iberilmegi barada ne rus tarapy ne-de türkmen tarapy söz açýar.

Ýogsam, geçen ýylyň oktýabr aýynda 2019-njy ýylyň ýanwaryndan başlap türkmen gazynyň Russiýa eksport edilmeginiň täzeden dikeldilýändigi barada maglumatlar peýda bolupdy.

“Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller 9-njy oktýabrda Aşgabada eden saparynyň dowamynda türkmen gazynyň importyny täzeden ýola goýmak ugrunda gepleşikleriň geçirilendigini mälim etdi.

“Biz ýakyn geljekde, ýagny 2019-njy 1-nji ýanwaryndan başlap “Gazpromyň” türkmen gazyny satyn alyp başlamagy ugrunda gepleşikleri geçirýäris” diýip, Miller şonda mebugatda eden çykyşynda belledi.

Türkmen prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça maslahatçysy Ýagşygeldi Kakaýew 12-nji noýabrda Abu Dabide geçirilen nebitgaz maslahatynyň çäginde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda “Türkmengaz” bilen “Gazpromyň” arasynda oňşukly ylalaşygyň boljakdygyny habar beripdi.

Russiýa 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap türkmen gazyny satyn almagy bes edipdi.

“Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Miller 28-nji noýabrda Aşgabada ýene-de bir gezek sapar edip, prezident Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Türkmen metbugaty bu duşuşyklarda türkmen gazynyň Russiýa ekport edilmeginiň täzeden ýola goýulmagynyň maslahat edilendigini habar beripdi.

Şondan bäri geçen döwrüň dowamynda taraplar türkmen gazynyň Russiýa täzen iberilip başlanandygy ýa-da däldigi barada resmi maglumat ýaýratmady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG