Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen adam atlary: Täze meýiller we köne tejribeler


Illýustrasiýa suraty. Ata we agtyklary. Türkmenistan. Arhiden alnan surat.

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu günki sanynda türkmen adam atlary; at saýlamakda halk arasyndaky häzirki meýiller we köne tejribeler barada gürrüň edýäris.

Gepleşigiň dowamynda aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň, owgan türkmenlerinden Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myradynyň we Türkiýedäki giňeýän türkmen diasporasynyň wekillerinden Rozubaýyň hem-de türkmen ýaşlarynyň hataryndan Jemalyň bu temadaky pikir garaýyşlaryny size eşitdirýäris.

"At - asman"

Türkmenlerde "at – asman" diýilýär. Ene-atanyň ýüreklerde beslän soňsuz arzuw-umydy, maksat-myrady, göwünlerde telwas edýän päk asman hyjuwlary, gözbaşyny asyrlardan alyp gaýdýan ruhy hazynalary, dünýädäki gözellikleriň ruha siňen aýnasy jadylanan ýaly ýeke sözde jemlenip, bu jadyly söz dünýä inen perzendiň adyna öwrülýär. Türkmen medeniýetinde çaga at dakmaga degişli däp-dessurlar berk berjaý edilýär.

Türkmen adam atlary: Täze meýiller we köne tejribeler
please wait

No media source currently available

0:00 0:14:59 0:00

Aşgabatly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýew adam atlarynyň tutuş halkyň aňyny, mentalitetini açyp görkezýändigini aýdýar. Ol dakylýan atlary birnäçe topara bölýär.

Paýtagtly publisist türkmen adam atlary barada beren gürrüňinde ýerli intelligensiýasynyň wekillerinden merhum Soltanşa Atanyýazowyň “Türkmen adam atlarynyň düşündirişli sözlügi” atly kitabyna salgylanýar. Bu işiň soňsuz gadyr-gymmatyny nygtaýar.

Çerkez, Gandym, Orakbaý, Teşe ...

“Çaga göz-dil degäýmesin diýen niýet bilen dürli atlar dakylýar, mysal üçin ösümlikleriň atlary, Çerkez, Gandym, Ýowşan diýen ýaly atlar oglanlara dakylýar. Ýa-da bolmasa, ynha, hatda Eşekguly, Kirli, Italmaz diýen ýaly atlar bar” diýip, ýazyjy aýdýar.

Şeýle-de, türkmen halkynyň arasynda hut gözden-dilden goranmak maksady bilen Paltabaý, Orakbaý, Teşe ýaly oba hojalyk gurallarynyň atlary dakylan adamlar bolupdyr.

Bugaýew teke dialektiniň Mary şiwesinde dakylýan Tirkiş adyna ünsi çekýär. Demirgazyk we günabatar türkmenleriniň arasynda Tirkeş diýlip tutulýan bu adyň, “tirkeş-tirkeş bolup çagalar dünýä insin” diýen arzuw bilen goýlandygyny aýdýar. Ol Kerwen adynyň hem hut şu arzuw-hyýal bilen dakylýandygyny belleýär.

Dörtguly, Bäşim, Alty, Ýedibaý...

Ýazyjy adam atlary bilen bagly söwet döwründen galan bir "anekdoty" gürrüň berýär:

“Kawkaz respublikalaryndan biri Türkmenistana gezelenje gaýtmakçy bolanda, “meniň baryp görmedik ýerim, ol ýerde nädip tanap bolar adamlary” diýýär. Oňa “adamlaryň adyna üns ber” diýipdirler. “Eger-de Hudaýberdi, Allaberdi diýen ýalyrak atlar bolsa, arkaýyn üstüne hüjüm ediber, ýekedir” diýipdirler. 'Eger-de Dörtguly, Bäşim, Alty, Ýedibaý diýen ýaly atlar bolsa, köpüň biridir, olaryň deňinden sowlup geçiber' diýipdirler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ogulboldy, Ogulbagt, Ogulgül, Oguldöndi ...

Türkmenleriň arasynda gadymy döwürlerde maşgalalar ogul perzent arzuwlapdyr. Ogul çaga güýji alamatlandyrypdyr. Irki döwürlerde adamlar goranmak üçin hem-de aw awlamak ýaly agyr güýç talap edýän işler üçin erkek çagalaryň dogulmagyny isläpdirler. Hut şonuň üçin, ogul çaga garaşyp, gyz çaga dünýä inende oňa Ogulgerek, Ogulboldy, Ogulbagt, Ogulgül, Oguljemal, Oguljeren, Ogulgözel, Ogulgurban we şuňa meňzeş atlary dakypdyrlar.

Türkmen ýaşlarynyň hataryndan Stambuldan gürrüňdeş bolan türkmenistanly Jemal indi şeýle däpleriň aradan aýrylýandygyny aýdýar.

“Häzirki wagtda meniň pikirimçe “Ogul” goşulmasy bolan atlar indi ulanylanok, saýlanylanok. Meniň pikirimçe, ol niýet indi ýokmuka diýýärin. Häzirki ýaş maşgalalaryň arasynda "ogul bolsun", ýa-da "gyz bolsun" diýýän ýaly tapawut ýokmuka diýýärin” diýip, Jemal aýtdy.

Bu pikir türkmen halkynyň jemgyýetçilik aňynda gender deňligi boýunça geçilen sepgidi belli bir derejede açyp görkezýär.

Ýazyjy Bugaýew bu meselä şeýle setirler bilen mysal getirýär:

“Türkmen “Oguldyr döwletiň başy/Gyz hem bolsa göwün hoşy” diýip, ogul perzende höwes edipdir. Ol hem ýöne bir höwes däl, şol döwürlerde mundan ýüzýyllyklar ozal, türkmeniň durmuşynda ogul gerek [bolupdyr]. Ogul diýmek esger we ar-namysy goraýjy diýmekligi [aňladypdyr]” diýip, Bugaýew aýdýar.

Ýöne Jemal häzirki döwürde bu tejribäniň özgerendigini nygtaýar.

“Şolar ýaly niýet bilen, olar ýaly ady isläp, meniň pikirimçe häzirki ýaşlardan hiç kim dakanokmyka diýýärin” diýip, “ogul” goşulmasy bilen dakylýan atlar barada Jemal öz garaýyşlaryny beýan edýär.

Beýik şahsyýetleriň we hormatly myhmanlaryň atlary

Bugaýew çagalara dakylýan atlaryň hatarynda pygamberleriň ýa-da beýleki beýik şahsyýetleriň hormatyna dakylýan atlardan mysal berýär.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, köne döwürlerde çaga dünýä inen güni hormatlanýan bir adam şol oba myhman düşen bolsa, şol myhmanyň hormatyna çaga şonuň adyny dakypdyrlar. Ýazyjy Täçgeldi, Güýçgeldi, Aşyrgeldi diýen ýaly atlary muňa mysal görkezýär.

Kakageldi, Kakadurdy, Kakajan, Eneş, Enegül...

Bugaýewiň gürrüň bermegine görä, dünýeden öten garry ene-mamalaryň, ata-babalaryň atlaryny olaryň agtyk-çowluklaryna dakmak däbi hem türkmen halkynyň arasynda saklanyp galýar. Olaryň atlary resmi görnüşde çaganyň dokumendine bolşy ýaly ýazylýan bolsa, gepleşikde ýüzlenilende merhumyň ady dakylan, meselem, ogul çagalara Kakamyrat, Kakabaý, Kakajan, Kakadurdy, Dädebaý, ýa-da gyz çagalara Enejan, Eneş, Enegül diýen ýaly atlar bilen ýüzlenilýär.

Stalkon, Kim, Marlen, Ýeňiş, Kanal ...

Sowet häkimiýetiniň türkmen topragyna aralaşmagy bilen, komunist ideologiýadan gözbaş alýan atlar il arasynda ýoň bolup başlaýar.

“Ideologiýa diýlen hem bir boýuntyryk bar. Şu boýuntyryk hem adamlaryň boýnuna özüniň erk-islegini dakýar. Meselem, geçen asyryň ýigriminji ýyllarynyň aýagynda otuzynjy ýyllaryň başynda we dowamynda syýasy atlary dakmaklyk ýoň bolupdyr. Meselem, Stalkon diýlen at bar. Türkmende men şeýle atlaryň 5-6 adama dakylanyna duş geldim. Stalkon diýlip at dakylan bolsa, onda diýmek ol 1936-njy ýylda doglan çaga bolýar. Bu "Stalin Konstitusiýasynyň" hormatyna dakylan at” diýip, Bugaýew aýtdy.

Ýazyjy arhiwden muňa mysal getirýär; ozalky Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň öňki içeri işler ministri Berdiýewiň Stalkon Berdiýew atly inisini agzaýar.

“Geçen asyryň 40-njy ýyllarynda Türkmenistan Komunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň sekretary bolup işlän Myrat Muhadow ogluna Kim diýip at dakypdy. Kim göräýmäge koreý milletine degişli at ýalydy welin, ol koreý däldi. "Kommunistiçeskiý Internasional Molodýožy" diýen sözleriň baş harplary alnyp döredilen atdy” diýip, Bugaýew aýtdy.

Sowet döwründe türkmenleriň arasynda Marksizm bilen Leninizm diýen sözleri birleşdirip dünýä inen çaga Marlen adyny dakanlar hem bolupdyr.

Atlar öz döwründen gürrüň berýär. 1945-nji ýylda II Jahan urşunyň tamamlanmagy bilen türkmen halkynyň arasynda Ýeňiş diýlip dakylýan atlar köpelýär, ýa-da bolmasa Garagum kanalynyň Mary welaýatynyň ýa-da Aşgabadyň çägine çekilmegi bilen 1952-nji ýyldan soň il arasynda az sanly käbir ene-atalar öz çagalaryna Kanal adyny dakyp başlaýar.

Taňryguly, Hudaýnazar, Allanazar ...

Galyberse-de, komunist ideologiýasynyň aňlara berk ornaşyp başlamagy bilen Hudaýguly, Taňryguly, Hudaýnazar diýen ýaly atlara gyýa göz bilen seredilip başlanýar. Ýayjy Bugaýew muňa bolan wakadan bir mysal berýär:

“Geçen asyryň altymyşynjy ýyllarynyň başlarynda surata düşürilen Magtymguly kinosynyň režissýory Alty Garlyýew gürrüň berýär: “Kinony partiýanyň merkezi komitetine tabşyrýarys welin, kinoda Magtymgulynyň söýgüli gyzy Meňliniň rolunda oýnaýan gyzyň elinde alaja, ýagny doga bagjygy bar diýýär. Onsoň partiýanyň merkezi komitetiniň ideologiýa sekretary bolup işleýän Maýa Mollaýewa şol sahnanyň montaž edilip aýrylmagyny talap edýär: “Elinde alaja bar, ol dini ýatladýar” diýdi welin, Alty Garly: “Gaharyma bäs gelip bilmedim” diýýär. “Seniň familiýaň Mollaýewa sen näme onda merkezi komitetde işläp otyrsyň diýdim diýýär” diýip, Bugaýew gürrüň berýär.

Gulgeldi, Gapbarbaý, Täçgeldi ...

Stalkom, Marlen, Kim we şuňa meňzeş ideologiýadan täsirlenen atlar, elbetde, türkmen halkynyň arasynda o diýen giň ýaýramaýar. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary bilen gürrüňdeş bolýan ýerli ýaşaýjylar Täçnazar, Täçgurban, Täjigül, Gulgeldi, Gapbarbaý, Annajemal, Annabagt, Guldurdy, Durdygurban, Gurbandurdy ýaly goşma atlaryň ýuwaş-ýuwaş aradan aýrylýandygyny, oňa derek täze dünýä inýän çagalara sada, aňsat we özboluşly atlary dakmaga meýil edilýändigini gürrüň berýärler.

Hatda Türkmenistanyň döwlet mediasy prezident Berdimuhamedowyň agtygynyň adyny ozallar Kerimguly diýip goşma at bilen tutan bolsa, indi, dekabrdan bäri, onuň adyny “guly” goşulmasyny aýryp, Kerim diýip tutmaga başlady.

Döwrebap atlar

Azatlyk Radiosy bilen Stambuldan telefon arkaly gürrüňdeş bolan Jemal häzirki wagtda ýaş maşgalalaryň täze dünýä inýän çagalaryna dakýan atlaryny has döwrebap häsiýetlendirýär.

“Has döwrebap diýen ýaly atlar goýýarlar. Köplenç öňki atlardan şu wagt hiç hili ýok diýen ýaly. Köplenç hemişe gysgalýar, mysal üçin, diňe Türkmenistanda olar ýaly däl, Türkiýede-de şolar ýaly, ýagny goşa uzyn atlar däl-de, onuň ýerine has sadarak ýa-da iki at [tirkeşdirilip] goýulýar” diýip, Jemal aýdýar.

Türkiýedäki türkmen diasporasynyň wekillerinden Rozubaý migrantlaryň hataryndaky ýaş türkmen maşgalalarynyň arasynda çagalara at dakmak däpleriniň hem özgeriş prosesini başdan geçirýändigini aýdýar.

Ol Türkiýede ýaşaýan ýaş çagaly türkmen maşgalalaryny iki topara bölýär. Olar türk raýatyna durmuşa çykan ýa-da öýlenen türkmen raýatlarynyň guran maşgalalary ýa-da türkmenleriň öz aralarynda durmuş guran ýaş çagaly türkmen maşgalalarydyr.

“Meselem türkmen bilen türkmen öz aralarynda maşgala guranlarynda olar çagalary hökmany suratda türkmen atlaryny dakýarlar. Meselem, ýaşaýan welaýatlarynda haýsy atlar köp ulanylýan bolsa, olar ýaşaýan welaýatlaryndaky atlaryna görä at ulanjak bolýarlar. Türke durmuşa çykan watandaşlarymyz bolsa türkleriň at familiýalaryny hökmany suratda ulanýarlar” diýip, Rozubaý aýtdy.

Zeýnep, Merwe, Melek ...

Jemal türkmenistanlylaryň arasynda türk halkyna mahsus atlary çagalaryna dakýan maşgalalara özüniň duş gelýändigini belleýär.

“Meniň köplenç gözüme ilýär, ýagny men häzirki ýaşlaryň arasynda esasan hem türkçe atlary has köp görmäge we eşitmäge başladym. Häzirki döwürde Zeýnep, Merwe ýa-da Melek diýen ýaly türk atlaryny dakmaga başladylar. Men köplenç eşidýärin ýa-da sosial mediada-da gördüm” diýip, Jemal aýdýar.

Elbetde, sosial mediada käbir türkmenistanlylar öz hakyky atlaryny ulanmakdan gaça durýarlar. Bu özbaşyna bir tema, ýöne Jemal türk atlarynyň türkmen halkynyň arasyna aralaşýandygyny aýdýan ýeke-täk türkmenistanly däl. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan daşary ýurtda ýaşaýan başga bir türkmenistanly bu prosesiň dowam edýändigini Zeýnep, Merwe, Melek ýaly atlaryň hataryna Emine, Medine ýa-da Merýem ýaly atlaryň has giň goşulyp garylmaga başlandygyny gürrüň berýär.

Aşgabatly publisist Amanmyrat Bugaýew halk arasynda altar boýunça özgeriş prosesiniň amala aşýandygyny tassyk edýär.

Eşekguly, Italmaz, Tüňňi ...

“Öňden gelýän atlary dakmak indi gitdigiçe azalýar. Meselem, Eşekguly diýmek, ýa bolmasa Italmaz diýmek Tüňňi diýmek ýene gaýry diýmek, şolar ýaly gözden-dilden gorasyn, ojagymyzda bala-çagamyz köpelsin diýlen yrym bilen dakylýan atlar indi soňky döwürde umuman aradan aýrylyp barýar” diýip, Bugaýew aýtdy.

Rahmankul, Abdyrahman, Zöhre, Nabat ...

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady owgan türkmenleriniň arasynda dakylýan adam atlary barada şeýle gürrüň berdi:

“Hususan-da erkekleriň atlary dakylanda dini atlar köpräk ulanylýar. Aýal-gyzlaryň atlarynda köplenç türkmençe atlar bar, mysal üçin Selbi, Zöhre ýa-da Nabat diýen ýaly atlar bar. Ýöne erkekleriň atlarynyň arasynda Abdyrahman ýa Rahmankul, ýagny atlaryň arapçasynyň türkmenleşdirilen görnüşi köplenç ulanylýar, Abdyrahym Abdyrahman diýen ýaly atlaryň” diýip, Myrady aýtdy.

Ol owgan türkmenleriniň arasynda täze dünýä inen çagalara at saýlamak we at dakmak däpleriniň häzirki wagtda özgerýändigini aýdýar:

“Öňler ýaşulylar at dakyp berer ekeni, hususan-da metjit ymamlaryna dakdyrar ekenler ady, indi beýle düzgünler galdy, her kim öz meýline, öz haýyşy boýunça at dakyp ýörenler hem bar. Atlary ýeňilleşdirip aňsat görnüşde gowy edip aýdylar ýaly at dakýanlar hem bar. Indi öňki ýaşulylara ýa metjit ymamlaryna at dakdyrmak däpleri galyp gitdi, galdy owgan türkmenleriniň arasynda” diýip, Şamerdanguly Myrady aýtdy.

Oraz, Gurban, Rejepguly, Sapargeldi, Aşyrguly...

Türkmen halkynyň arasynda dini äheňli atlar, ýa-da musulman senenamasyndan ugur alýan atlar bolupdyr, häzir hem ýar. Meselem, oraza aýynyň gelmegi bilen Oraz, ýa-da gurban baýramynda dünýä inen çagalara Gurban, ýa-da bolmasa rejep, sapar, aşyr aýlarynda dünýä inen çagalara Rejep, Sapar, Aşyr ýa-da Rejepguly, Saparguly, Aşyrguly ýaly atlar dakylypdyr. Ýöne daşary ýurtda ýaşaýan türkmenistanly ýazyjy türkmen atlarynda “gul” goşulmasynyň agdyklyk edýändigine ünsi çekýär.

Häzirki wagtda Aşgabat, Arçman ýa-da Hazar ýaly ýer-ülke atlaryndan ugur alýan atlara duş gelinýändigi habar berilýär.

Saparmyrat, Serdar, Bagtyýar, Bagtygül ...

Ýazyjy Bugaýew Sowet Soýuzynyň dargap, Türkmenistanda garaşsyzlygyň alynmagy bilen özbaşdaklygyň ilkinji ýyllarynda Saparmyrat ýa-da Serdar ýaly atlaryň köpelendigini belleýär. Ýagny syýasat jemgyýete täsirini dowam etdirýär.

Birnäçe asyr mundan ozal Muhammet, Mämmet, Pirguly, Pirnazar, Allanazar, Şyhnazar, Hojanazar, Magtymguly ýaly atlara eýe bolan türkmen jemgyýeti sowet döwründe Stalkom, Marlen, Kim ýaly atlar bilen tanyşan bolsa, garaşsyzlykda Saparmyrat ýa Serdar ýaly atlara ymtylýar. Ruhnama kitabynyň giňden wagyz edilmeginden soň Oguzhan, Aýhan ýaly atlar ýoň bolup başlaýar.

Paýtagtly publisist ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň ynanjyna görä, syýasat adam atlary boýunça halkyň ýakasyndan heniz hem aýrylanok, sebäbi häzirki “Bagtyýarlyk” döwlet syýasatynyň höküm sürýän döwründe Bagtyýar we Bagtygül ýaly atlar köpelýär.

Ýöne Türkmenistanda familiýalaryň soňundaky “-ew”, “-ow”, "-ewa", "-owa", “-ýew”, “-ýow”, “-ýewa”, “-ýowa” ýaly goşulmalar welin, saklanyp galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (8)

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG