Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň raýaty Awstraliýadan Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edildi


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň raýaty Abakar Gadiýew Awstraliýadan ABŞ ekstradisiýa edildi. Media çeşmeleri Awtraliýadan Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilen we adam öldürmekde hem talamakda güman edilýän Gadiýewiň 1 fewralda anna güni Nýu Ýorkyň Bruklin böleginiň 60-njy uçastogyna alnyp barylandygyny we düşenbe güni sud ediljegini habar berdiler.

36 ýaşly Abakar Gadiýew özüniň jenaýat ýoldaşy bolmakda güman edilýän Arsen Başirow bilen bilelikde Nýu Ýorkyň Braýton böleginde 35 ýaşly telekeçi Wladimir Tolstyhy urup öldürmekde we 32 müň amerikan dollarlyk aýlykly bukjany alyp gitmekde aýyplanýar diýip, usa.one neşri habar berýär.

Maglumata görä, kamera ýazgylary hut şu adamlaryň adam öldürmek jenýatyny edendigi barada detektiw Piter MakMahony ynandyrypdyr. Emma jenaýatda güman edilýänler gysga wagtyň içinde öz watanyna Türkmenistana gidipdir. ABŞ-nyň Türkmenistan bilen ekstradisiýa barada ylalaşygy ýok. Şondan soň Başirow Türkmenistanyň daşynda kanun goraýjylaryň gözüne düşmändir, emma Gadiýew köp hereket edip, dürli ýurtlarda göreş ýaryşlaryna gatnaşypdyr we köp wagtyny Awstraliýada geçiripdir.

Nýu Ýorkyň detektiwleri jenaýatçylygy unutmadylar. Öldürlen adamyň aýaly Rita Tolstyh detektiw MakMahona örän minnetdardygyny, onuň kanun adalatçylygyna umyt döredendigini usa.one neşri belleýär we öldürlen Wladimir Tolstyhyň maşgalasyny sitirleýär: "Eger işe gatnaşan detektiwler bolmasa, men umytdan gaçardym. Olar örän gowy iş etdiler we meni goldamagyny dowam etdirýärler, bu meni köşeşdirýän ýeke-täk zat".

Nýu Ýorkyň polisiýasynyň komissary Jeýms O'Neýl Gadiýewiň işi boýunça Twitterde paýlaşan maglumatynda öz işgärlerine buýsanýandygyny ýazýar: Olar dünýäde iň beýik detektiwlerdir".

"Global syýasat" neşriniň ýazmagyna görä, detektiw MakMahon 2010-njy ýylda Gadiýewiň yzlaryny Awstraliýada tapypdyr we ol ýere talap hatyny iberipdir.

Maglumata görä, Awstraliýanyň polisiýasy Gadiýewiň Sidneýde ýaryşlarda galdyran gazly suw çüýşesini we çilim galyndysyny ýygnapdyr. Barlaglar Nýu-Ýorkda adamyň öldürlen ýerinde tapylan nusgalar bilen deňeşdirmäge mümkinçilik beripdir. 2014-nji ýylda Awstraliýanyň polisiýasy Gadiýewi tussag edip, ekstradisiýa boýunça halkara işine başlapdyr, oňa ABŞ-nyň Döwlet departamenti hem gatnaşypdyr. 1-nji fewralda detektiw MakMahon aýyplanýany alyp gaýtmak üçin Awstraliýa barypdyr.

Indi Gadiýewiň ykbalyny belki Brukliniň sudy çözer we ol ABŞ-da jeza çeker diýlip maglumatda bellenýär.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň ýene bir raýaty Orsýetde tutuldy. Ol ençeme agyr jenaýatçylyklarda, şol sanda adam satmakda güman edilýär.

Orsýet mediasynyň 8-nji fewralda habar bermegine görä, Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) Twer regiony boýunça edarasynyň işgärleri halkara gözleginde bolan Türkmenistanyň raýaty B.Ý. Satypaldyýewi tapyp, ele salypdyr.

Ony Türkmenistanyň güýç strukturalary Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulan ençeme agyr jenaýatlar üçin gözlediler. Bu adamy gorkuzmak, töhmet atmak we rehimsiz daramak arkaly öz janyna kast etmäge ýa-da kast etmek synanyşygyna itermek, ok ýaragyna bikanun eýe bolmak we satmak, adam söwdasy ýaly jenaýatlar diýip, tvernews.ru habar berdi.

Maglumata görä, Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň baş derňewçisiniň çykaran permanyna görä, Satypaldyýew agzalan maddalar boýunça aýyplanýan hökmünde işe çekilmeli. Orsýetiň Twer regionynyň Zawolžskiý etrap sudy Türkmenistanyň raýaty babatynda bir aýlyk möhletli tussaglyk çäresini saýlapdyr. Bu möhlet 2019-njy ýylyň 5-nji martynda tamamlanýar.

XS
SM
MD
LG