Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda türkmenistanly migrant zenany öldürmekde güman edilýän tapyldy


Stambul şäheri
Stambul şäheri

18-nji awgustda türk telekanallarynda we beýleki media serişdelerinde berlen habara görä, türkmenistanly migrant zenany öldürmekde güman edilýän adam Stambulyň Ataşehir diýen ýerinde tapylyp, tussag edildi.

Türkiýäniň “Sabah” gazeti çap eden maglumatyna görä, türkmenistanly Abilbek Tanarbergenow bilen aýaly bir ýyl mundan owal Stambula işlemäge gelipdir. Ol agaç ussahanasynda işe başlap, Ataşehir diýen ýerde hem kireýine jaý tutupdyr. Soňra öýüň çykdaýjysyny azaltmak üçin işdeşi Firdaws Sadolew we Ekrem Mallaýew dagylar bilen bir öýde ýaşapdyr.

Onuň hojalyklarda işleýän aýaly hepdäniň dynç alyş günlerini adamsynyň ýanynda geçiripdir. Aýaly soň adamsyndan mundan beýläk ýoldaşlary bilen bir öýde ýaşamazlygyny isläpdir. Şeýle sebäpden öýdäkileriň arasynda yzygiderli ýagdaýda dawa turypdyr. Ahyrky goh-galmagalda bolsa Firdaws, ol aýaly pyçaklap, gaçyp gidipdir. Abilbekiň aýaly hem şol ýerde aradan çykypdyr.

Türkiýäniň “Hürriýet” gazeti bolsa, türkmenistanly aýalyň janyna maý aýynyň ahyrynda kast edilendigini ýatladýar.

Beýleki tarapdan, türk telekanallary jenaýatda güman edilýäniň Stambulyň polisiýa edarasynyň jaýyndan eli gandally äkidilip barylýandygyny görkezdi.

Türkiýäniň “NTV” telekanalynyň maglumatyna görä, Stambul polisiýasynyň jenaýat býurosynyň işgärleri birnäçe günlükde Firdawsyň Ataşehirdäki bir awtoparkda gizlenýändigini anyklapdyr. Geçen hepdäniň ahyrynda gurnalan operasiýada hem ol ele salnypdyr.

Telekanalyň habarynda, jenaýatda güman edilýäniň soragda “Abilbek äpet we gaty daýaw biridi. Her gezek meni ýençýärdi. Özümi goramak üçin pyçagy galgadanymda aýalyna degdi. Gaty gorkanym üçin hem gaçyp gitdim” görnüşinde polisiýa düşündiriş berendigi mälim edilýär.

Azatlyk Radiosy bilen anonim ýagdaýda gürrüňdeş bolan Stambul polisiýasynyň bir işgäri hem metbugat serişdelerinde berlen maglumatlaryň dogrudygyny tassyklady. Polisiýa işgäri türkmenistanly migrantlaryň aşa köpdügi we aglabasynyň hem wizasyz bikanun ýagdaýdadygy sebäpli häli-şindi kriminal wakalara ilteşýändigini öňe sürdi. Ol, ýöne soňky wagtlarda türkmenistanlylar bilen baglanşykly wakalara näme üçindir mediada ýeterlik derejede orun berilmeýändigine hem düşünmeýändigini aýtdy.

Ýatlap geçsek, Azatlyk Radiosynyň Stambuldaky çeşmesi 17-nji awgustda ondan iki hepde owal Awjylar diýen ýerde Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Magdanly şäherçesiniň ýaşaýjysy bolan ýene bir zenanyň gije öýüniň ýanynda pyçaklanyp öldürilendigini görkezýän wideo şekili redaksiýamyza iberipdi.

Belläp geçsek, ähli synanşyga garamazdan, pyçaklanan türkmenistanly zenan bilen onuň adamsynyň soňky ykballary barasynda degişli türk we türkmen resmilerinden nähilidir bir maglumat almak Azatlyk Radiosyna başartmady. Ýöne Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan Stambulda işleýän türkmen migrantlary olaryň Lebap welaýatynyň Köýdetdag etrabynyň ýaşaýjysydygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG