Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saýat etrabynyň Lebap we Gülistan daýhan birleşiklerinde çagalar bagy ýetmezçilik edýär


Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Lebap we Gülistan daýhan birleşikleriniň ýaşaýjylary çagalar bagynyň ýetmezçiliginden kösenýändiklerini aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Lebap daýhan birleşigindäki alty obanyň we Gülistan daýhan birleşigindäki iki obanyň ýaşaýjylary üçin häzir diňe iki çagalar bagy bar. Çagalar baglarynyň ýolbaşçylary “ýer ýok” diýip, ene-atalardan öz çagasyny nobata goýmagy soraýarlar” diýip, Lebap daýhan birleşiginden özüni Güljemal diýip tanyşdyran ýaşaýjy Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne Güljemal nobata ençeme ýyllap garaşsaň-da onuň ýetmeýändigini, sebäbi çagalar baglaryna ilkinji nobatda gurply, ýokary wezipelerde tanyş-bilişleri bolan maşgalalaryň çagalarynyň alynýandygyny aýdýar.

“Şeýlelikde, eli ýuka maşgalalaryň körpeleri çagalar bagsyz galýar. Häzir her daýhan birleşiginde onlarça körpe çagalar bagyna gatnap bilmeýär” diýip, Güljemal aýtdy.

Habarçy daýhan birleşikleriň ýaşaýjylarynyň ençemesine salgylanyp, mundan dört ýyl öň Lebap daýhan birleşiginde dört, Gülistan daýhan birleşiginde üç çagalar bagynyň bolandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, soňky ýyllarda häkimiýetler resmi düşündiriş bermezden, çagalar baglaryny ýuwaş-ýuwaşdan ýapdylar we häzir agzalýan daýhan birleşikleriniň her birinde diňe bir çagalar bagy işleýär.

Habarçy çagalar baglarynyň ýetmezçilik etmegi bilen bagly ýagdaýyň welaýatyň Çärjew etrabynyň Jeýhun we Watan daýhan birleşiklerinde, Dänew etrabynyň Parahat we Azatlyk daýhan birleşiklerinde hem gaýtalanýandygyny tassyklaýar.

“Ýaşaýjylar çagalar baglary bilen bagly meseläniň çözülmegine kömek etmegi sorap, etrap we welaýat häkimliklerine birnäçe gezek ýüzlenipdirler. Ýöne häzire çenli olara kömek etmändirler” diýip, habarçy 13-nji fewralda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, soňky aýlarda ýaşaýjylar öz çagalaryny etrap ýa-da şäher merkezindäki çagalar baglaryna bermäge synanyşýarlar. Ýöne bu ýerde-de 150-200 amerikan dollary möçberinde para soralýandygyny, çagaly ene-atalaryň birnäçesi Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlary Saýat etrap we Lebap welaýat häkimliklerine telefon arkaly tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Türkmenistan garaşsyzlyk ýyllarynda obalary “gülläp-ösdürmek” üçin diýip, Oba milli maksatnamasyny kabul etdi. Türkmenistanyň media serişdeleri bu maksatnama esasynda ýurduň dürli künjeginde täze-täze obalaryň we öňden bar obalarda çagalar baglarynyň, mekdepleriň gurulýandygyny ýygy-ýygydan habar berýär.

TDH-nyň 8-nji fewralda beren maglumatyna görä, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, önümçilik we durmuş maksatly hem-de düzümleýin desgalaryň gurluşygyna gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 181,6 million manada deň boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanwar aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap geçiren mejlisinde bellenildi.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň käbir regionlarynda çagalar baglarynyň azlyk edýändigi barada Azatlyk Radiosy soňky ýyllarda ençeme gezek habar berdi. Olaryň arasynda Mary, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň käbir obalary bilen bir hatarda, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Müsür obasyny agzasa bolar.

2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda çagalar baglarynyň tölegleri 8 manatdan 80 manada ýokarlandyryldy. Tölegleriň birden 10 esse gymmatladylandygyna garamazdan, çagalar baglarynda körpelere edilýän hyzmatlaryň gowulanmaýandygyny, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ene-atalar aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG