Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Drezdende müňlerçe adam Ikinji jahan urşunyň howa zarbalaryny ýatladylar


Guramaçylar her ýyl geçirilýän bu çäräniň parahatçylygy we raýdaşlygy alamatlandyrmak üçin geçirilýändigini bellediler. 2015 ý.

Germaniýanyň Drezden şäherinde 11 müňe golaý adam diri zynjyry emele getirip, Ikinji Jahan urşy döwri, ýagny 1945-nji ýylda ýaran güýçleriniň bu şähere amala aşyran hüjümleriniň 74-nji ýyl dönümini ýatladylar.

Guramaçylar her ýyl geçirilýän bu çäräniň parahatçylygy we raýdaşlygy alamatlandyrmak üçin geçirilýändigini bellediler.

1945-nji ýylyň 13-15-nji fewraly aralygynda britan we ABŞ uçarlary Drezdene yzygiderli howa zarbalaryny amala aşyrypdylar. Hüjümde şähere 3 müň 900 tonna golaý bomba oklanypdy. Hadysada 23 müňden 25 müňe çenli adamyň ölendigi çaklanylýar.

Çärä Wroslawyň, Polşanyň, şeýle-de Britaniýanyň Kowerty şäheriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG