Stewen Şpilberg (Steven Spielberg) we Samuel Mendes (Samuel Mendes) Ikinji Jahan urşy barada bilelikde taýýarlajak täze filminiň käbir sahnalaryny Britaniýanyň iň meşhur taryhy ýadygärlikleriniň biri bolan “Stonehenge” monumentinde surata düşürmegi planlaşdyrýarlar. Emma olaryň bu territoriýada uruş sahnalaryny surata düşürmek teklibi ýerli ýaşaýjylaryň närazylygyna sebäp boldy.
Teklibe garşylyk görkezýänler bu territoriýada başga-da arheologik galyndylaryň tapylmagynyň mümkindigini we uruş sahnalarynyň bu materiallara zyýan ýetirip biljekdigini öňe sürýärler.
“1917” diýlip atlandyrylýan film Mendessiň Jeýms Bond barada 2015-nji ýylda surata düşüren “Spectre” filminden soňra ilkinji režissýorlyk işidir. Şpilbergiň “Amblin Entertainment” kompaniýasy bu filmi maliýeleşdirmäge hukugyna eýe boldy. Flimiň şu ýylyň aprel aýynda surata düşürilip başlanmagyna garaşylýar.
“Amblin Entertainment” kompaniýasy Beýik Britaniýanyň planlaşdyrma departamentine hat ugradyp, 35 günüň dowamynda Salisberi düzlüginde filmiň surata düşürilip başlanmagyna rugsat bermegi sorady. Belläp geçsek, bu territoriýanyň aglaba bölegi harby tälimleri geçmek üçin bölünip berlendir.
Hatda gürrüňi edilýän territoriýanyň golaýynda filmi surata düşürmek üçin zerur bolan sahna toplumyny, kömekçi hyzmatlary, ammar giňişliklerini we awtoulag duralgasyny gurmaga rugsat berilmegi soralýar. Filmi surata düşürjek toparyň 500 adamdan ybaratdygy bellenildi. Plana laýyklykda, ilkinji nobatda kiçi fransuz öýlerini gurmak göz öňünde tutulýar.
Uiltşiriň (Wiltshire) Arheologiýa departamenti bu teklipleri tankyt etdi. Departament munuň sebäplerini ekerançylyk... ösümlik ýaly faktorlar sebäpli üsti açylmadyk arheologik galyndylarynyň barlygy bilen düşündirdi.
Şol bir wagtda, Uiltşiriň muzeýi bu ýerde möhüm filmiň surata düşürilmek perspektiwasyny gowy garşy alýandygyny aýtdy. Ýöne territoriýanyň arheologiýasyna we ekologiýasyna zyýan ýetirilmejekdigine kepil geçilmegini isleýändigini mälim etdi.
Agzalýan filmiň surata düşüriljek territoriýasy dünýäde meşhurlyga eýe bolan “Stonehenge” taryhy ýadygärligiň 8 kilometr uzaklygynda ýerleşýär.
“1917” filminiň 2019-njy ýylyň dekabrynda Roždestwo baýramynyň öň ýanynda surata düşürmek işleriniň tamamlanmagyna we 2020-nji ýylyň ilkinji günlerinde köpçülige hödürlenmegine garaşylýar.