Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wekiller öýi ABŞ-nyň Saud Arabystanynda ýadro elektrik stansiýalaryny gurmak planlaryny derňeýär


Eýrandaky Natanz ýadro elektrik stansiýasy. Arhiw suraty

Täze kongres hasabatynda Ak tamyň uly resmileriniň, etika we milli howpsuzlyk resmileriniň garşylygyna garamazdan, Saud Arabystany bilen ýadro energiýa tehnologiaýalaryny paýlaşmak taslamalaryny öňe itendikleri aýdylýar.

Demokratlaryň öňdeligindäki Wekiller öýüniň Gözegçilik we özgertmeler komitetinde taýýarlanan hasabat ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň adminstrasiýasynyň içindäki habarçylaryň maglumatlaryna, adminstrasiýa resmileri tarapyndan ýadro energiýasy bilen meşgullanýan kompaniýalar bilen gurlan gatnaşyklary görkezýän dokumentlere esaslanýar.

Bellenilmegine görä, bu meseläniň derňewi “Adminstrasiýanyň ABŞ-nyň ynjyk ýadro tehnologiýalaryny Saud Arabystanyna geçirmek baradaky tagallalarynyň dowam edýäne çalymdaşdygyny” görkezýär.

Komitet 19-njy fewralda ady aýdylmadyk habarçylaryň maglumatlary esasynda derňew açdy, ol maglumatlara görä, Saud Arabystanynyň dürli ýerlerinde onlarça ýadro reaktoryny gurmak teklibi bilen baglylykda “kada sygmaýan hereketler” edilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG