Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýa alty owganystanlyny terrorçylyk we adam gaçakçylygy bilen ilteşikli hasaplaýar


Bosniýa-Herzogowinadaky migrantlar merkezi
Bosniýa-Herzogowinadaky migrantlar merkezi

Şu ýyl Bosniýa-Herzogowinada terrorçylyga we adam gaçakçylygyna ilteşiklilikde güman edilip, alty owgan migranty saklandy diýip, ýurduň daşary işler gullugy aýtdy.

Bu alty adam 2018-nji ýylda, Wengriýa we Serbiýa serhetlerini ýapanlaryndan soň Bosniýa esasan Pakistandan, Owganystandan, Yrakdan we Eýrandan gelen 25 müňden gowrak migrantyň arasyndan çykdy.

Ol migrantlaryň bäşisi terrorçylyk bilen iltewli diýip güman edilse, biri adam gaçakçylygy we guramaçylykly jenaýat bilen baglanyşykly diýip güman edilýär diýip, agentlik aýtdy.

Agentligiň 19-njy fewralda çap eden beýanatynda aýdylmagyna görä, bu alty adam “jemgyýetçilik tertip-düzgünine we howpsuzlyga wehim salýar” diýip hasaplandy we basym ýurtdan çykarylar.

XS
SM
MD
LG