Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ABŞ-da doglan we YD-a goşulan aýalyň yzyna gelmegini gadagan edýär


Hoda Muthana

Birleşen Ştatlar ABŞ-da doglan we Siriýadaky “Yslam döwleti” jeňçi toparyna goşulan aýalyň Birleşen Ştatlara dolanyp gelmegine, “sebäbi ol raýat däl” diýip, rugsat bermez, emma onuň aklawçysy bu tassyklamany sorag astyna alýar.

Döwlet sekretary Maýk Pompeo häzir ogul bäbegi bilen Siriýadaky bosgun lagerinde ýerleşýän Hoda Muthananyň ABŞ-nyň raýatlygyna kanuny hukugy ýok diýdi.

"Onuň hiç bir kanuny esasy ýok, möhleti gutarmadyk ABŞ pasporty ýok, Birleşen Ştatlara gitmek üçin pasport ýa wiza almaga haky ýok” diýip, ol 24 ýaşyndaky aýalyň näme üçin raýatlygynyň ýokdugyny düşündirmezden aýtdy.

Prezident Donald Tramp Nýu-Jerside doglan aýalyň Birleşen Ştatlara dolanyp gelmezigi baradaky buýrugy özüniň berendigini aýtdy.

Onuň aklawçysy Hassan Şibly ol aýalyň Birleşen Ştatlarda doglandygyny, Alabamada ýaşandygyny we 2014-nji ýylda YD-a goşulmazyndan öň ýaramly pasportynyň bolandygyny aýdyp, aýak depýär.

Ol bu aýalyň terrorçy guramadan ýüz öwrendigini we öz bäbek ogluny goramak üçin, kanuny netijelerine garamazdan, öýüne dolanyp gelmek isleýändigini aýtdy.

Neşiriň maglumatyna görä, ikitaraplaýyn duşuşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge täze itergi berjek möhüm resminamalaryň bukjasyna gol çekmek göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG