Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýesiniň komandiri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň harby serkerdeleri bilen duşuşdy


Birleşen Ştatlaryň Merkezi komandowaniýesiniň komandiri general Josef Wotel
Birleşen Ştatlaryň Merkezi komandowaniýesiniň komandiri general Josef Wotel

21-nji fewralda Birleşen Ştatlaryň Merkezi komandowaniýesi (CENTCOM) Özbegistanyň paýtgaty Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa ýurtlarynyň ýaragly güýçleriniň harby serkerdeleri bilen nobatdaky maslahatyny geçirdi.

Birleşen Ştatlaryň Merkezi komandowaniýesiniň komandiri general Josef Wotel maslahatyň tamamlanmagy mynasybetli 21-nji fewralda beýanat ýaýratdy.

Beýanatda maslahata beýemçilik eden prezident Şawkat Mirziýoýewe hem-de Özbegistanyň goranmak ministrligine minnetdarlyk bildirilýär:

“Bu konferensiýany geçirmekde Birleşen Ştatlaryň Merkezi komandowaniýesi bilen hyzmatdaşlyk eden ilkinji Merkezi Aziýa ýurdy hökmünde Özbegistan Merkezi Aziýada we Günorta Aziýada howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda möhüm rol alýar” diýip, beýanatda aýdylýar.

Özbegistanyň Goranmak ministrligi 19-njy fewralda ýaýradan beýanatynda, maslahata Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Pakistanyň we Owganystanyň ýaragly güýçleriniň harby serkerdeleriniň, şeýle-de Gyrgyzystanyň ýaragly güýçleriniň dolandyryş edarasynyň başlygynyň orunbasarynyň hem-de Birleşen Ştatlaryň Merkezi komandowaniýesiniň komandiriniň gatnaşýandygyny habar berdi.

General Woteliň ýaýradan beýanatynda maslahata gatnaşan ýurtlara regionda durnuklylygy saklamaga, oňa abanýan wehimlere garşy durmakda hyzmatdaşlygy we dialogy pugtalandyrmaga dowam edýändikleri üçin minnetdarlyk bildirilýär.

“Birleşen Ştatlary regiondaky partnýorlarymyzyň durnuklylygyna we özygtyýarlylygyna goşant goşmak üçin konstruktiw ýollary agtarýan wagty hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga ygrarly galýar” diýip, beýanatda aýdylýar.

Özbegistanyň goranmak ministrliginiň ýaýradan beýanatynda maslahatyň dowamynda regional howpsuzlyk, Owganystandaky durnuklylyk, terrorçylyga garşy göreş, neşe serişdeleriniň ýaýramagy we kiberjenaýatçylyk ýaly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygy habar berildi.

21-nji fewralda “Sputnik” neşiriniň habar bermegine görä, Daşkentde geçirilen maslahatda Özbegistanyň ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň başlygy Pawel Ergaşow demirgazyk Owganystandaky durnuksyzlygyň Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyna wehim salýandygyny aýdypdyr.

“Demirgazyk Owganystanda “durnuksyzlyk ojaklarynyň” süýşýän alamatlary göze ilýär, bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlygyna abanýan wehimleriň artmagyna getirýär” diýip, Ergaşowyň sözleri “Sputnikde” getirilýär.

Özbek ştab başlygynyň sözlerine görä, neşe söwdasy çynlakaý howp bolmagynda galýar, onuň girdejileri jenaýatçy we terror toparlaryny maliýeleşdirýär.

Ergaşow eden çykyşynda Owganystanda ýagdaýlary durnuklaşdyrmak meseleleriniň halkara we regional derejede giňden ara alnyp maslahatlaşylýandygyny ýatladypdyr. Ol muňa “Kabul prosesi”, “Moskwa formaty”, “Stambul prosesi”, “Aziýanyň ýüregi” ýaly platformalary mysal görkezipdir.

Türk metbugatynda çykan habarlara görä, maslahatda Wotel Birleşen Ştalaryň Talyban bilen gepleşmekdäki maksadynyň Owganystandan goşun çekmek däldigini aýtdy.

Owganystanda howpsuzlygy üpjün etmek üçin ok atyşygy bes etmek boýunça alnyp barylýan gepleşikleriň zerurdygyny nygtan Woteliň: “Munuň bilen bir hatarda, Talybana garşy harby basyşlara dowam ederis. Missiýamyz üýtgemedi. Goşun çekmek üçin bize buýruk berilmedi” diýip, sözlän sözi Türkiýäniň “Star” gazetinde getirilýär.

2018-nji ýylyň noýabr aýynda rus metbugatynda türkmen-owgan serhedinde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşýandygy barada habarlar peýda bolupdy.

16-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministrligi bu habarlary inkär etdi.

Noýabr aýynda Kollektiw Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň ýolbaşçysy Waleriý Semerikow Türkmenistan we Täjigistanyň owgan serhedinde güýçli ekstremist toparyň döremek ähtimallygy barada GDA agza ýurlarynyň 21-nji noýabrda Moskwada geçiren howpsuzlyk ýygnagynda çykyş etdi.

Bu habarlaryň fonunda, noýabr aýynda Türkmenistan harby ätiýaçlykdaky serkerdeleri hasaba alyp başlady.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde türkmen-owgan serhediniň howpsuzlyk wehimleri barada maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG