Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Coca-cola" kompaniýasynyň Türkmenistandaky baş wekili tarpa-taýyn ýogaldy


Göktüg Gözütok
Göktüg Gözütok

"Сoсa-сola" kompaniýasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy aradan çykdy.

Göktüg Gözütogyň hatyrasyna "Coca-cola içejek" şirketiniň adyndan ýazylan nekrolog Türkiýäniň "Hurriýet" gazetinde çap boldy. Gözütogyň haçan aradan çykandygy we onuň ýogalmagynyň sebäpleri maglumatda görkezilmändir.

Türkiýäniň raýaty Göktüg Gözütog 50 ýaşyndady.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmeleri Gözütogyň Aşgabadyň "Oguzkent" myhmanhanasyna degişli binada ýogalandygyny aýdyp, onuň öz janyna kest edendigini, häzirki wagtda ýagdaýyň derňelýändigini mälim etdiler.

Türkiýeli işewüriň "Oguzkentde" ýogalandygyny myhmanhananyň özünde-de tassykladylar.

Käbir maglumatlara görä, onuň "Coca-cola içejek" şirketiniň Türkmenistandaky işine degişli käbir maddy problemalary ýüze çykypdyr.

XS
SM
MD
LG