Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda bikanun öndürilen alkogolly içgiden ölen adamlaryň sany 133 boldy


Bikanun öndürilen içgiden 133 adam öldi.
Bikanun öndürilen içgiden 133 adam öldi.

Hindistanyň demirgazyk-gündogaryndaky Assam ştatynda bikanun öndürilen alkogolly içgini içen adamlaryň azyndan 133 sanysy öldi, 225 çemesi bolsa hassahana ýerleşdirildi diýip, resmiler 24-nji fewralda aýtdylar.

Hindistanda alkogolly içgileri içip, heläk bolýan adamlaryň sany azalmaýar. Iki hepdeden hem az wagt öň demirgazyk Hindistanda 100-den gowrak adam zaýalanan alkogolly içgiden heläk boldy.

Polisiýa resmisi Mukeş Agarwal ýaramaz hilli alkogolyň pidalarynyň köpüsiniň Golaghat we Jorhat etraplaryndaky çaý plantasiýalarynyň işgärleri bolandygyny aýtdy. Assam Hindistanyň iň uly çaý öndüriji ştaty bolup durýar.

Agarwal bu iş bilen baglylykda onlarça adamyň tussag edilendigini aýtdy. Derňew dowam edýär.

Hindistanda ýerli şertlerde öndürilýän alkogolly içgilerden ölýän adam kän, sebäbi köp adam düzüwli şertlerde öndürilen içgileri satyn alyp bilmeýär.

Günbatar Bengalda 2011-nji ýylda alkogolly içgiden 172 adam öldi.

XS
SM
MD
LG