Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow hepde soňy gurluşyklar bilen tanyşdy, drift bilen meşgullandy, golf oýnady


Berdimuhamedow sport ulagynyň gapdalynda interwýu berýär. Arhiwden alnan surat.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni Aşgabadyň demirgazygynda alnyp barylýan ýaşaýyş jaý gurluşyklary bilen tanşydy, drifting bilen meşgullandy. Ol ýekşenbe güni paýtagtyň golf klubynda golf oýnady.

TDH-nyň habar bermegine görä, 23-nji fewralda prezident Berdimuhamedow Çoganlyda Içeri işler ministrliginiň işgärlerine niýetlenip gurulýan ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygy bilen tanyşdy, gurluşykda basgançak tutawaçlarynyň ähmiýetini gürrüň berdi.

Mundan ozalky ýyllarda türkmen häkimiýetleri ýerli ýaşaýjylaryň Çoganlyda guran ýaşaýyş jaýlaryny tapgyrlaýyn ýykmak işleri bilen meşgul bolupdy.

Soňra prezident Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine bardy. Güýç edaralarynyň ýolbaşçylary oňa täze welosiped sowgat berdi. Resmi metbugat Türkmenistanda welosiped sportynyň meşhurlyga eýe bolýandygyny gaýtalaýar.

Munuň bilen baglylykda, Türkmenistanda welosipediň heýkeli oturdylýar. 22-nji fewralda Türkmenistanyň prezidenti Aşgabatda “Welosipediň” heýkelini dikmek barada karara gol çekdi. Karara laýyklykda, heýkeliň gurluşygyny Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy bilen “Sport ýyldyzy” atly hususy kärhana ýerine ýetirer. Welosipediň heýkeli Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygynda ýerleşer. Onuň gurluşygy 2019-njy ýylyň martynda başlap, 2020-nji ýylyň maýynda tamamlanar.

Resmi mebutgat welosipediň paýtagtda bina ediljek heýkeli barada buýsançly habarlary berýär.

Şeýle-de TDH prezidentiň IIM-niň Sport ulag merkezinde, ol ýere ýakynda gelip gowşan dürli kysymly sport awtoulaglary bilen tanyşandygyny habar berýär. Türkmenistanda sport ulaglaryna döwlet derejesinde bildirilýän gyzyklanma täzelik däl. Mundan ozal, geçen ýylyň iýun aýynda Germaniýadan Türkmenistana import edilen bahasy ýarym million ýewro töweregindäki Mini Cooper kysymly sport ulagyň Döwlet biržasynda hasaba alnandygy barada habarlar peýda bolupdy.

Ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän Türkmenistanda resmi metbugat ýurtda awtomobil sporty boýunça ýaryş geçirmäge niýetlenen desgalaryň gurluşygyna dowam ediljekdigini habar berýär.

Soňra prezident Sport ulag merkezinde drifting bilen meşgullandy; sport ulagyny, halk dili bilen aýdylanda, “kür edip” oňa erk etdi. Metbugatyň habaryna görä, soňra onuň göreldesine eýerip, güýç edaralarynyň ýolbaşçylary hem ulag sürdüler.

"Hronika Türkmenistan" neşiri Berdimuhamedowyň "drift ussatlygyny" görkezýän wideony çap etdi

Ertesi güni prezident Berdimuhamedow Aşgabatda gurlan golf meýdançasyna baryp gördi. Prezidentiň bu saparyna wise-premýerler, Aşgabat şäheriniň häkimi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy hem gatnaşypdyr.

Döwlet telewideniýesinde 24-nji fewralda efire berlen habarda, ak sport eşiklerini geýnen Berdimuhamedowyň golf ulagynda oturyp, ýaşyl formada ony üns bilen diňleýäne çalym edýän orunbasarlaryna golf barada beren gürrüňi tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirildi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda, Aşgabatda 2017-nji ýylyň oktýabr aýynda golf meýdançasy açylypdy. Onuň ladşaft taslamasyny ABŞ-nyň belli golfçysy Jek Niklausyň ýolbaşçylygyndaky “Nicklaus Design” kompaniýasy ýerine ýetiripdi.

Döwlet mediasynyň habaryna görä, prezident Berdimuhamedow gadymy döwürlerde türkmenleriň golfa meňzeş oýun oýnandyklaryny wise-premýerlere gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, çilik oýny golfa meňzeýär hem-de çilik adamlarda çakganlygy terbiýeleýär.

Döwlet telewideniýesi çiligiň düzgünleri bilen tomaşaçylary tanyşdyrdy. Soňra Berdimuhamedow golf oýnady. Döwlet metbugatynyň dili bilen aýdylanda, onuň göreldesine eýerip, prezidentiň yzýany onuň orunbasarlary hem golf oýnady.

Ýöne olaryň arasynda, golf taýagy bilen topy nyşana düşürmek üçin, oýnuň kadasynda adaty bolmadyk derejede aşak aşa egilýän türkmen emeldarlary döwlet telewideniýesinde görkezildi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG