Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowyň gurduran gymmatbaha desgalarynyň köpüsiniň boş durandygy habar berilýär


Aşgabatda boş duran golf meýdançasy.
Aşgabatda boş duran golf meýdançasy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sentýabryň başynda Parfiýa şalygyndaky köşklere meňzeş myhmanhana gurmak teklibini orta atdy. Emma çeşmeler, şol sanda Azatlyk radiosy bilen anonim şertde gürleşýän hökümet resmileri döwlet serişdesine gurlan myhmanhanalaryň, sport desgalarynyň köplenç boş durandygyny we döwlet gaznasyna ýük bolýandygyny habar berýärler.

Türkmenistanda millionlarça dollar serişdä durýangurluşyk proýektleri prezident Berdimuhamedowyň hut özüniň şertnamalara gol çekmegi, soň olaryň gurluşygyna yzygiderli gözegçilik etmegi we dabaraly açylyşlaryna gatnaşmagy bilen dowam etdirilýär, emma olaryň ýurduň ykdysadyýetinde oýnaýan roly barada ne Ministrler kabinetiniň mejlislerinde, ne parlamentde hasabat berilýär.

Prezident soňky myhmanahana teklibini türkmen hökümetine 500 million dollar çemesindäki serişdä düşjekdigi aýdylýan “Garagum” we “Nusaý” otelleriniň gurluşuk prosesine gözegçiligiň çäginde orta atdy. Şol bir wagtda soňky on ýylda ýurtda iň köpelen zadyň myhmanhanalar we sport desgalary bolandygy, ýöne olaryň diňe çykdajy getirýändigi aýdylýar.

Mysal üçin, Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bilen anonim şertde gürleşen iki resminiň tassyklamagyna görä, geçen ýyl açylan 70 gektarlyk golf meýdançasy ulanylmaýan ýatyr, ýogsa onuň otlaryny guratman saklamak üçin ummasyz suw harçlanýar.

Şeýle-de resmiler Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde gurlan sport desgalarynyň köplenç ulanylmaýandygyny gürrüň berdiler.

“Aziýa oýunlary geçdi, sport desgalarynyň hem bazary sowuldy. Olary indi käte daşary ýurtdan gelen ýokary derejeli adamlara görkezmeseler, ýa-da “Olimpiýa” myhmanhanasynda ýygnak geçirmeseler, başga zada ulanmaýarlar” diýip, ýerli resmi aýtdy.

“Başda adamlara abonent biletlerini satyň, bu desgalary Bedenterbiýe institutynyň bazasy hökmünde bermeli” diýdiler, emma bular gürrüň bolup galdy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Türkmenistanda, paýtagtda we Hazaryň kenarynda, beýleki welaýatlarda gurlan gymmatbaha myhmanhanalaryň sany indi ýüzden geçýär, olara ýüzlerçe million dollar harçlandy, emma bu çykarylan çykdajylaryň haçan yzyna geljegi belli däl” diýip, ýagdaýdan habarly resmi, adynyň agzalmazlygy şerti bilen gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, “Ýyldyz”, “Oguzkent” ýaly myhmanhanalara ýerli adamlar ýa goýberilmeýär, ýa-da olar türkmen raýatlarynyň gurby ýeterden aşa gymmat.

Türkmen metbugaty ýurtda gurlan sport mekdepleri, yzly-yzyna guralýan we prezident Berdimuhamedowyň ýakyndan gatnaşmagynda geçirilýän sport çäreleri barada mahabatly sözleri ulanýar. Emma ýerli çeşmeler soňky ýyllarda gurlan onlarça sport mekdebiniň köpüsiniň boş, haňlap durandygyny habar berýärler.

Sport mekdepleriniň köpüsinde sport inwentarlary ýetmezçilik edýär, şeýle-de olary gyşyna ýylatmak, tomsuna sowatmak işleri ýola goýulmadyk, iň esasy mesele bolsa, ol ýerlerde çagalar bilen türgenleşik geçer ýaly, ýa-da ýurduň ýygyndy komandalaryny ýaryşlara taýarlar ýaly türgenler, mugallymlar ýetmezçilik edýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran sport resmisi Azatlyk radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna aýtdy.

Prezident Berdimuhamedow döwlet serişdesine gymmatbaha myhmanhanalary gurdurmak praktikasyny öňki prezident S.Nyýazowdan miras aldy.

Nyýazowyň inisiatiwasy bilen Aşgabatdaky Çandybil şaýolunyň ugrunda gurlan otuza golaý myhmanhana uzak ýyllar boş durup, olaryň üçden biri daşary ýurt firmalaryna ofis jaýy hökmünde berildi, käbiri daşary ýurt ilçihanalarynyň goşmaça ofisine öwrüldi diýip, Aşgabatdaky çeşme habar berýär.

Bellemeli ýeri, myhmanhana, sport desgalaryny gurmak aktiwligi Türkmenistanyň soňky onýyllyklardaky iň agyr ykdysady kynçylyklaryny başdan geçirýän wagtynda dowam etdirilýär.

XS
SM
MD
LG