Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň hususy dükanlaryna reýd geçirilip, alkogol önümleri aýryldy


Alkogol önümlerini satýan dükan, Türkmenistan (arhiw suraty)
Alkogol önümlerini satýan dükan, Türkmenistan (arhiw suraty)

26-njy fewralda Aşgabadyň hususy dükanlaryndan alkogol önümlerini aýyrmak boýunça reýd geçirildi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary habar berýärler.

"Düýn tutuş şäher boýunça hususy dükanlarda reýd geçirip, alkogoly aýyrdylar. Bazarlarda alkogol satýan ýörite nokatlar bar, olardan başga ähli dükanlary hem barladylar" diýip, satyjylaryň ençemesi bilen söhbetdeş bolan Azatlygyň habarçysy aýdýar.

​Onuň sözlerine görä, häzirki barlaglar "Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça" kanunyň talaplaryna görä geçirilýär. 2018-nji dekabrynda kabul edilen kanun şu ýylyň başynda güýje girdi.

Munuň bir wagtda-da, birnäçe ýylyň dowamynda ýurduň häkimiýetleri alkogolyň söwdasyna gadagançylygy ençeme gezek girizipdi. Mundan öň gadagançylyklar adatça ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşydaky uly wakalaryň öňüsyrasynda, şeýle-de saglyk aýynyň dowamynda girizilýärdi. Her ýylyň aprel aýynda ýurduň ilaty guramalaşdyrylýan sport çärelerine köpçülikleýin gatnaşýarka, ýurtda alkogol içgileriniň we çilimiň söwdasy gadagan edilýär ýa-da çäklendirilýär.

Ozalky gezek ýurduň iri şäherleriniň hususy dükanlaryndan alkogol önümleri geçen ýylyň iýul aýynda "Türkmenistanda 2018-2024-nji ýyllarda alkogolyň ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça milli programmanyň" kabul edilmeginiň yzýany köpçülikleýin aýrylypdy.

8-nji iýulda Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda hususy dükanlaryň, şol sanda alkogol satýan nokatlaryň köpçülikleýin ýapylyp başlandygyny habar berdi. Türkmenistanyň häkimiýetleri oňdan öň alkogolyň söwdasyna gadagançylygy 2017-nji ýylyň tomsunda, Aşgabat -2017 halkara sport çäresiniň öňüsyrasynda giripdi.

Alkogoly çäklendirmek boýunça kanun 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda güýje girdi. Emma kanunda göz öňünde tutulýan düzgünleriň Aşgabatdaky alkogol söwdasyna täsirleri indi has duýulyp başlandy.

"Mundan bir aý ozal uly supermarketlerde alkogolyň sagat 20:00-den soň satylmagyny gadagan etdiler. Emma biziň dükanlarymyzda mydama satýardylar. Men öz dükanymyza birnäçe gün barmadym, emma şu gün irden baranymda 7.30-da alkogolly tekçeleriň üstüniň örtülendigini gördüm, maňa alkogolyň ir sagat 10-dan agşam 20-ä çenli satylýandygyny jogap berdiler" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanda alkogol önümleri dynç günlerinde satylýar. Emma täze kanuna görä, 2021-nji ýyldan başlap alkogolly içgileriň söwdasy dynç günlerinde barlardan we restoranlardan başga ýerlerde gadagan ediler.

Resmi maglumatlara görä, "Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça" kanun raýatlaryň saglygyny goramaklyga we jemgyýetde sagdyn durmuşyň ornaşmagyna gönükdirilýär.

​Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüni sagdyn durmuşyň wagyzçysy yglan edýär. Şeýle-de, ol ýurtda temmäkä garşy göreşiň inisiatory bolup, 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäkiden doly azat etmegi planlaşdyrýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we söhbetdeşleriniň sözlerine görä, alkogol önümleriniň söwdasyna girizilýän resmi gadagançylyklar ýurtda spirtli içgileriň "gara bazaryny" döretdi.

Türkmen häkimiýetleri alkogol önümleriň söwdasyna girizilýän çäklendirmeleri kommentirlemeýärler. Döwlet mediasy bu barada habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG