Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çoganlyda başga welaýatlardan baranlary polisiýa yzarlaýar


Çoganlynyň awtobus duralgasy (arhiw suraty)
Çoganlynyň awtobus duralgasy (arhiw suraty)

Aşgabadyň Nyýazow etrapçasynyň polisiýa bölüminiň işgärleri Çoganlyda ýaşaýan başga welaýatlylary yzarlaýarlar diýip, Azatlygyň habarçylary we Çoganlynyň ýaşaýjylary habar berýärler.

Olaryň sözlerine görä, soňky iki hepdä golaý wagtyň dowamynda daňdan polisiýa işgärleri welaýat ýaşaýjylarynyň gözlegine çykýarlar, olara jerime salyp, welaýatlara ugradýarlar.

"Daňdan sagat altyda gelip, awtobus duralgalarynda durýarlar we olary tutup äkidýärler, soň jerime salýarlar. Demirýol wokzalyna eltip, tussag astynda saklaýarlar we agşamlaryna gatnaýan otla mündürip welaýatlaryna ugradýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy 28-nji fewralda habar berdi.

​Onuň sözlerine görä, polisiýanyň eline düşýänler Daşoguzdan, Lebapdan we Marydan Aşgabada baryp, esasan gurluşyklarda işleýän türkmenistanlylar.

Aşgabadyň polisiýasy tarapyndan saklanyp, jerimä sezewar edilen başga welaýat ýaşaýjylarynyň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, jerimäniň möçberi birinji gezek 200 manat, ikinji gezek 300 manat we üçünji gezek 400 manat bolýar.

"Jerimäni 'Daýhan' bankynda töletdiler, emma kwitansiýa bermediler" diýip söhbetdeşlerimiziň biri aýtdy.

Habarçymyzyň polisiýa işgärlerine salgylanyp aýtmagyna görä, başga welaýatlardan gelip Aşgabatda birugsat ýaşaýanlar babatyndaky jerime jemgyýetçilik tertibini bozmak sebäpli salynýar.

Aşgabadyň eteginde ýerleşýän il içinde Köne Çoganly diýlip atlandyrylýan ýerde, şeýle-de Şordamak posýologynda başga welaýatlardan paýtagta gazanç üçin barýan türkmenistanlylar köplük bolup ýaşaýarlar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan Çoganlynyň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, welaýatlylar yzygiderli yzarlanýandygy sebäpli, bu ýerde mydama gorky astynda ýaşaýarlar.

Olar myhmançylyga-da barmaýarlar, märekä, üýşmeleňlere-de gatnaşmaýarlar, pahyrlar gorkýarlar" diýip, Azatlygyň ýerli söhbetdeşi aýtdy. Onuň bellemegine görä, polisiýa işgärleri adatça toý, ýas ýaly çäreleriň boljak ýerine öňünden baryp, aýlanyp durýarlar.

Çoganlynyň ýaşaýjylarynyň biriniň sözlerine görä, bu ýerde ýaşamak üçin häkimlik tarapyndan berlen resmi hata eýe bolan welaýat ýaşaýjylarynyň hem yzarlanýandygyny aýdyp, öz ýegenine jerime töledilendigi gürrüň berdi.

"Meniň ýegenimiň üç çagasy bar. Men ony ezdirenimden işlemek üçin daşary ýurtlara ugradardym, emma onuň ýaş çagalary bar" diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmenistanyň paýtagtynda başga welaýatlylaryň polisiýa tarapyndan saklanmagy we soraga çekilip, yzyna ugradylmagy soňky ýyllarda yzygiderli häsiýetde amala aşyrylýar. Baýramçylyklaryň öňüsyrasynda barlaglar adatça güýçlenýär.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri welaýat ýaşaýjylaryna paýtagtda edilýän basyşlary açyk agzamaýarlar. Aşgabadyň häkimiýetleri welaýatlylaryň yzarlanmagynyň sebäplerini resmi taýdan kommentirlemeýärler.

Türkmenistanyň raýatynyň hereket azatlygy we ýaşajak ýerini öz islegine görä saýlamak hukugy ýurduň baş kanunynda kepil geçilýär.

XS
SM
MD
LG