Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ bin Ladeniň ogly baradaky maglumat üçin $1 million hödürleýär


Hamza bin Laden.
Hamza bin Laden.

ABŞ “Al-Kaýda” terroristik toparynyň öldürilen ozalky ýolbaşçysy Osama bin Ladeniň oglunyň “ýerleşýän ýeri” baradaky maglumat üçin 1 million dollar möçberinde pul baýragyny yglan etdi.

“Hamza bin Laden AK-nyň öldürilen ozalky lideriniň ogludyr, şeýle-de ol AK-nyň bir şahamçasynyň lideri boldy” diýip, Döwlet Departamentiniň 28-nji fewralda ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

“Ol audio we wideo ýazgylar arkaly öz tarapdarlaryna ýüzlenip, ABŞ-a we onuň Günbatar ýaranlaryna garşy hüjümleri amala aşyrmaga çagyrýar. Şeýle-de, ol 2001-nji ýylyň maýynda kakasynyň ABŞ-nyň harby gullukçylary tarapyndan öldürilendigi üçin ar aljakdygy bilen haýbat atýar” diýip, beýanatda bellenilýär.

Osama bin Laden 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-da terror hüjümlerini gurnapdy. Şol döwür, Owganystanyň häkimiýet başyndaky “Talyban” hökümeti “Al-Kaýda” terroristik toparynyň ýolbaşçysyny gorapdy. Mundan soň, ABŞ 2001-nji ýylyň aýagynda Owganystana girdi.

Netijede, “Talyban” häkimiýetden çetleşdirildi, şeýle-de 2011-nji ýylda bin Laden Pakistanyň Abbotabad şäherinde ABŞ-nyň güýçleri tarapyndan öldürildi.

Hamza bin Ladeniň Pakistanda, Owganystanda, Siriýada ýa-da Eýranda ýerleşýändigi çaklanylýar.

XS
SM
MD
LG