Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Owganystana gelen sil azyndan 20 adamy öldürdi


14-nji fewralda Hyrada gelen sil. Arhiw suraty
14-nji fewralda Hyrada gelen sil. Arhiw suraty

Owganystanyň Kandagar welaýatyna gelen sil netijesinde azyndan 20 adam, şol sanda çagalar heläk boldy diýip, BMG-niň kömek resmileri aýtdylar.

BMG-niň ynsanperwerçilik meselelerini utgaşdyrýan edarasy 2-nji martda Kandagar şäherine we onuň töweregindäki etraplara ýagan agyr ýagyşdan soň gelen siliň jaýlary we maşynlary süpürip äkidendigini aýtdy.

"Azyndan 10 adam, şol sanda çagalar şindi hem tapylmaýar” diýip, BMG-niň agentligi aýtdy.

"2 müňe çenli jaýa zyýan ýeten bolmagy mümkin” diýip, beýanatda aýdylýar. Şeýle-de ol regional infrastruktura agyr zyýan ýetendigi habar berilýär.

Sil gelen ýerlerdäki maşgalalar ewakuasiýa edildi, halas edijiler mekdepleri, metjitleri we hökümet binalaryny goramak tagallalaryny edýärler.

Kandagaryň gubernatorynyň orunbasary Abdul Hanan Moneeb bu siliň soňky ýedi ýylda iň ýykgynçylykly sil bolandygyny aýtdy. Ol siliň meýdandaky çopanlaryň mal-garalaryny hem akdyryp äkidendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG