Estoniýalylar 3-nji martda baltika ýurdunyň 101 orunly parlamentiniň agzalaryny saýlamak üçin umumy saýlawlarda ses berýärler, premýer-ministr Juri Ratasyň Merkez partiýasy sesleriň köpüsini aljaga meňzeýär.
1.32 million çemesi ilatly ozalky sowet respublikasynda 1 milliona golaý adam ses bermek hukugyna eýe bolup, saýlawlarda 10 syýasy partiýa we 15 garaşsyz kandidat goldaw almak üçin bäsleşýär. Ses berişlik ýerli wagt bilen sagat 9-da başlandy we agşam 8-de tamam bolýar. Ilkinji deslapky netijeleriň ýarygijede yglan edilmegine garaşylýar.
Dolandyryjy partiýa bolan Merkez partiýasy ýurt ilatynyň 25 prosentine çenli tutýan etniki ruslar tarapyndan goldanylýar we Günbatara tarapdar merkez-sagçy Reforma partiýasy bilen bäsleşýär. Reforma partiýasy liberal ykdysady syýasaty wagyz etse, Sosial demokratlar durmuş we abadançylyk meselelerine üns berýärler.
Pikir soramalary EKRE diýip bilinýän milletçi, sag-ganat Eston konserwatiw halk partiýasynyň soňky ýyllarda antimigrant platformada kampaniýa geçirip, güýç toplandygyny görkezdi.