Alžiriň prezidenti Abdelaziz Bouteflika, 20 ýyllyk häkimiýetini uzaltmagyna garşy bildirilýän protestlere garamazdan, gelýän aýdaky prezident saýlawlarynda kandidat hökmünde hasaba durdy.
Bouteflikanyň kampaniýa menejeri 3-nji martda 82 ýaşyndaky prezidentiň adyndan onuň dalaşgärlik dokumentlerini tabşyrdy. Prezidentiň özi Şweýsariýada medisina bejergisini alýar.
Menejeriň sözlerine görä, eger-de Bouteflika saýlansa, ol bir ýyl içinde prezident saýlawlaryny taýýarlajak “milli maslahatyň” üstünden garar we geljekki saýlawlarda bäsleşige goşulmaz.
Bu beýanat ýüzlerçe student paýtagtda we beýleki şäherlerde onuň 18-nji aprele bellenen saýlawlarda bäşinji möhlet üçin bäsleşige çykmagyna garşy protest gurnandan soň edilýär.
1-nji martda onlarça müň alžirli köçelere proteste çykdy we bu ýyllar içinde Bouteflikanyň dolandyryşyna garşybildirilen iň uly garşylyk boldy.
Ýaşuly prezident 2013-nji ýylda uçran yzmazlygyndan bäri maýyp arabasyny ulanýar we jemgyýetçilige seýrek çykýar.