Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň iň uly garaşsyz saýtyna 'bikanun maglumat alany üçin' jerime salyndy


Marina Zolatawa, Minsk, 4-nji mart, 2019.
Marina Zolatawa, Minsk, 4-nji mart, 2019.

Belarusdaky iň uly garaşsyz habar saýtynyň redaktoryna Žurnalistleri goramak baradaky komitetiň “azat mediany ýanamak” diýip häsiýetlendirien işi boýunça esli möçberde jerime tölemek hökümi çykaryldy.

Paýtagt Minskdäki sud 4-nji martda Marina Zolatawanyň Tut.by websaýtynyň döwlet eýeçiligindäki BelTA habar agentliginden bikanun maglumat alandygy baradaky netijä gelip, onuň 7,650 ruble ($3,600) jerime tölemegini we suduň harajatlaryny- 6,000 ruble ($2,800) tölemegini buýurdy.

Zolatawa özüniň bigünädigini aýtdy.

Žurnaliste garşy açylan jenaýat işi hukuk goraýjylaryň prezident Aleksandr Lukaşenkonyň hökümetiniň metbugat çäklendirmelerini güýçlendirýändigi barada aladasyny ýokarlandyrdy.

Polisiýa ofiserleri awgustda Tut.by-yň we we beýleki bir habar neşiriniň, BelaPanyň Minskdäki edara jaýlaryny dökdüler. Birnäçe žurnalist we işgär, şol sanda Zolatawa tussag edildi. Ýene bir neşir, “Belarusskaya Nauka” (Belarus ylmy) hem nyşana alyndy.

Tussag edilen 15 adamyň ählisine aýyp bildirildi. Emma olaryň Zolatawadan başgasyna bildirilen aýyplamalar, adminstratiw jerime tölänlerinden soň, bes edildi.

XS
SM
MD
LG