Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada ýüzlerçe, şol sanda türkmenistanly jyhadçylar hökümet güýçlerine tabyn boldy


Illýustrasiýa suraty

Siriýanyň gündogar enklawynda ýüzlerçe jyhadçy, şol sanda türkmenistanly söweşijiler hökümet güýçlerine tabyn boldy. Bu barada “Reuters” habar agentligi 5-nji martda habar berdi.

“24 sagadyň dowamynda aglabasy parahat ilatdan ybarat 6500-den gowrak adam ewakuasiýa edilen mahaly, “Yslam döwletiniň” ýüzlerçe söweşijisi toparyň Siriýanyň gündogaryndaky soňky enklawyny terk edende boýun boldy” diýip, Birleşen Ştatlar tarapyndan goldanylýan siriýa güýçleriniň metbugat wekili sişenbe güni agzalýan habar agentligine beren maglumatynda aýtdy.

Neşir bu sanlary garaşsyz çeşmelere tassykladyp bilmändigini belleýär. Siriýanyň Demokratik güýçleriniň metbugat edarasynyň başlygy Mostafa Bali hem, Baghouz enklawyndan ewakuasiýa edilen adamlaryň takyk sanyny çaklamagyň kyn bolandygyny aýdýar.

Habarda siriýa güýçlerine tabyn bolan söweşijileriň sanynyň 500-e barabardygy, olaryň aglabasynyň daşary ýurtlylardygy hem bellenilýär.

“Söweşijiler dürli ýurtlardan bolup, olaryň arasynda Özbegistan we Türkmenistan ýaly döwletleriň raýatlary hem bar” diýip, “Reuters” neşiri belleýär.

Ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň metbugatynda maglumat göze ilmeýär. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşyp, komemmentariýa almak synanyşyklary hem häzirlikçe netije bermedi.

Mundan ozal, Siriýadaky konfliktde Merkezi Aziýadan söweşijileriň bardygy barada ilkinji habarlar peýda bolan mahaly, olaryň arasynda Türkmenistandan jeňçileriň hem bardygy habar berlipdi.

2013-nji ýylyň iýun aýynda Siriýada hökümet güýçleri tarapyndan tussag edilen we türkmenistanlydygy aýdylýan söweşijiniň wideoýazgysy rus metbugatynda peýda bolupdy.

Garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklanmadyk maglumatlara görä, wideoda Abu Abdylla lakamyny alandygy we türkmenistanlydygy aýdylýan söweşijiniň “Al-Kaýda” toparyna degişli bolan Aleppodaky bir guramanyň düzüminde komandir bolandygy nygtaldy.

2015-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkiýäniň “Anadolu” resmi habar agentligi türk harbylaryna salgylanyp, ýurtda şol ýylyň dowamynda Siriýa barýan 29 sany türkmenistanlynyň tussag edilendigini habar berdi. Agzalýan adamlar Siriýa bikanun ýagdaýda geçmäge synanyşýan mahaly tussag edilipdir.

Hökümetleri we halkara guramalary strategiki howpsuzlyk maglumatlar bilen üpjün edýän “The Soufan Group” toparynyň geçirilen barlaglara we analizlere esaslanyp, 2018-nji ýylyň aprelinde çap eden maglumat brifinginde Merkezi Aziýalylaryň arasynda yslamçy ekstremizmiň rowaçlanýandygy öňe sürüldi.

Topar özüniň 2017-nji ýylyň oktýabrynda ýaýradan hasabatynda “Yslam döwleti” toparynyň özüniň Siriýadaky we Yrakdaky territoriýalarynda kontrollygy ýitirip başlamagy bilen, dünýäniň 33 ýurdundan “YD” toparynyň azyndan 5600 söweşijisiniň öz watanyna dolanandygyny we munuň şol döwletleriň kanun goraýjy organlary üçin “uly problema” bolup durýandygyny aýtdy.

Hasabatda “Yslam döwleti” toparynyň hatarynda söweşmek üçin Türkmenistandan 400 sany adamyň Siriýa we Yraga gidendigi bellenilýär, emma olaryň näçesiniň yzyna dolanandygy barada maglumat berilmeýär.

2017-nji ýylyň iýunynda Azatlyk Radiosy özüniň Türkmenistanyň güýç edaralaryndaky çeşmelerine salgylanyp, ady aýdylmadyk bir döwletiň (ahmal - Türkiýe) “Yslam Döwleti” bilen ilteşiklidigi güman edilýän dört türkmen raýatyny saklandygyny we olary türkmen häkimiýetlerine tabşyrandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti bu habarlary adatça ne tassyklap, ne-de inkär edip çykyş edýär. Ýöne soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleriniň welaýatlardan Aşgabada işlemäge gelen ýa-da daşary ýurtlardan yzyna dolanan türkmenistanlylary saklap, olaryň radikal dini, şol sanda “Yslam döwleti” toparyna agza bolandygy ýa-da bolmandygy barada soraga çekýändikleri barada Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar berdi.

Galyberse-de, 2015-nji ýylyň 3-nji aprelinde Aşgabadyň Är-Togrul Gazy metjidiniň ymamy “Yslam döwleti” toparyny tankytlap, onuň “täsirine düşenleriň ýurduň içinde hem bardygyny” we şol toparyň yslamyň adyny garalaýandygyny aýdyp, musulmanlary ägä bolmaga çagyrdy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG