"Türkmenhimiýa" döwlet konserni Belarusyň "Belgorhimprom" döwlet kompaniýasynyň Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinaty gurmak boýunça berjaý etmedik borçlarynyň faktlaryny Şwesiýada ýerleşýän halkara arbitraž suduna tabşyrdy diýip, 7-nji martda Türkmenistanyň hökümetçi "Gündogar news" neşri habar berýär.
Neşriň maglumatyna görä, şeýle-de, dawalara seredýän halkara edaranyň garamagyna belarus kompaniýasyna degişli tehnika baradaky mesele hem çykarylypdyr. "Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýetirilen zyýanyň minimallaşdyrylmagy maksatly" diýlip maglumatda bellenýär.
"Toplum şertnamanyň şertlerine şu çaka çenli laýyk gelmeýär, gurluşykçynyň yglan eden birinji ýylda 350 müň tonnalyk kuwwatynyň 5%-ne hem ýetilmedi we türkmen tarapy uly zyýan çekýär" diýip, hökümetçi neşir habar berýär.
"Türkmenhimiýa" konserniniň işine 7-nji martda türkmen hökümetiniň maslahatynda seredildi, emma onuň halkara arbitraž suduna ýüzlenendigi resmi maglumatlarda agzalmady.
Türkmenistan Garlykdaky kombinatyň işi boýunça halkara arbitražyna ýüzlenmek planlaryny noýabr aýynyň başynda yglan edipdi.
Munuň yzýany Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka öz ýurdunyň Garlykdaky kaliý zawoduny gurandygy üçin Türkmenistandan puly almandygyny aýtdy.
"Men bu meseläniň çözülmegine garaşýaryn" diýip, Lukaşenka 23-nji noýabrda aýtdy.
2009-2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň gündogarynda Garlykda gurlan kaliý zawodunyň gurluşygy bilen bagly mesele, şol sanda onuň ulanylyşa tabşyrylmagynyň gijikdirilmegi ýyllarboýy dowam edýän dawa sebäp boldy. Taraplar özara ylalaşygynyň şertleriniň berjaý edilmezligi hakynda bir-biriniň adyna näräzylyk bildirýärler. 2015-nji ýylda gurulyp tabşyrylmaly kombinat 2017-nji ýylda işe girizilipdi.
2018-nji ýylyň iýul aýynda belarusyň media serişdeleri Belarusyň milli bankyna salgylanyp, Türkmenistanyň Belarusyň öňündäki möhleti geçen bergisiniň 40 million dollara ýetendigini habar berdiler.
Türkmenistan Belarusyň guran kaliý kombinatynyň kemçilikleri barada ençeme gezek yglan edipdi, emma şu çaka çenli detallary köpçülige mälim etmändi.
"Gündogar news" hökümetçi neşriň "Belgorhimpromyň" goýberen kemçilikleriniň çap eden sanawynda ençeme obýektleriň gurlup gutarylmandygy aýdylýar, şol sanda ýerasty garaž, ýangyn söndüriji sistema, taýýar önümleriň saklanmagy üçin ýerler agzalýar.
Maglumatda agzalan işleriň gutarylmandygynyň "diňe bir önümçilik işleriniň howpsuzlygyny däl-de, eýsem tehnogen betbagtçylygyň döremegini, ilatyň arasynda pidalaryň bolmagyny we ykdysady zyýan ýetirilmegini hatar astynda goýýar".
Belarusyň "Belgorhimprom" döwlet kompaniýasy tarapyndan we iri belarus şirketleriniň gatnaşmagynda gurlan Garlykdaky kombinatyň göz öňünde tutulan kuwwaty ýylda 1.4 million tonna barabar.
Türkmenistanyň hökümeti 1 milliard dollarlyk gurluşygyň döwletiň hasabyna maliýeleşdirilendigini aýtdy.
Türkmen ýolbaşçylary Garlykdaky kärhanany işe girizip, ýurdy dünýäniň iň öňdebaryjy kaliý eksport edijileriň hataryna goşmagy planlaşdyrypdy.