Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap jaýlaryň üçeklerini gulplap, türkmen-özbek serhedini ýapyp, prezidentiň saparyna garaşýar


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn günlerde Lebaba etmegine garaşylýan sapary bilen baglylykda, ýurduň howpsuzlyk işgärleri gözegçiligi güýçlendirdi.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn günlerde Lebaba etmegine garaşylýan sapary bilen baglylykda, ýurduň howpsuzlyk işgärleri gözegçiligi güýçlendirdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn günlerde Lebaba etmegine garaşylýan sapary bilen baglylykda, Türkmenabat şäherindäki köp gatly jaýlaryň üçeklerine gulp asylyp, möhürlendi we türkmen-özbek serhedi wagtlaýyn ýapyldy.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysynyň tassyklamagyna görä, prezidentiň geçmegine garaşylýan köçeleriň, şol sanda S.A.Nyýazow we “Bitarap Türkmenistan” şaýollarynyň ugrundaky köp gatly jaýlarda howpsuzlyk çäreleri has-da güýçlendirildi.

Onuň sözlerine görä, 3-nji martdan başlap 1-nji, 2-nji, 3-nji mikroraýonlardaky we Köne Bahar, Täze Bahar we Jeýhun etrapçalaryndaky Ýaşaýyş jaý dolandyryş müdirlikleriniň işgärleri raýatlara ýeke-ýekeden jaň edip, jaýlaryň üçekleriniň barlanyp, olara doly gulp uruljakdygyny duýdurypdyrlar.

“Käbir ýaşaýjylar jaýlaryň üçeklerinde kepderi ýa-da başga haýwanlary saklaýarlar. Şol haýwanlary 5-nji marta çenli aýyrmalydyklaryny duýdurdylar. 5-nji martda Ýaşaýyş jaý dolandyryş müdirlikleriniň we ýörite gulluklaryň işgärleri üçekleri jikme-jik barlap, olaryň gapylaryna gulp urdylar, möhür basdylar. Häzir her ýaşaýyş jaýyň daşynda, ýagny üçege çykylýan girelgäniň öňünde raýat eşigindäki bir howpsuzlyk işgäri 24 sagatlap garawul durýar. Bu garawul her 12 sagatdan çalyşýar” diýip, habarçy aýtdy.

Mundanam başga, Azatlygyň haberçysy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan Türkmenistanyň Farap etrabyndaky serhet geçelgesinde işleýän bir jogapkär resminiň aýtmagyna görä, türkmen-özbek serhedi prezident Berdimuhamedow Lebaba gelip-gidýänçä, 6-njy martdan başlap wagtlaýyn ýapyldy.

Habarçy türkmen-özbek serhedinden adamlaryň ne ýeňilleşdirilen, ne-de adaty wiza düzgünleri esasynda Türkmenistana goýberilýändigini aýdyp, serhetden yzyna goýberilen bir özbek raýatynyň başdan geçirenlerini mysal getirýär.

“Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Karaköl sebitiniň ýaşaýjysy, özbek raýaty, milleti türkmen bir zenan ýogalan ejesiniň 40-na gatnaşmak üçin adamysy bilen bilelikde 6-njy martda irden sagat 10 töweregi Farap etrabyndaky türkmen-özbek serhedine barýar. Olar sagat 4-e çenli şol ýerde saklanylýar. Şondan soň türkmen serhetçileri olara ähli dokumentleriň düzüwdigini, ýöne özleriniň sistemasynyň işlemeýändigini aýdyp, olary yzlaryna ugradýarlar. Şol güni bu maşgaladan başga-da 12 töweregi adam serhetden Türkmenistana geçip bilmändir” diýip, habarçy 12-nji martda gürrüň berdi.

Döwlet baştutanynyň Lebap welaýatyna etjek saparynyň anyk wagty nämälim bolup galýar. Bu barada türkmen mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň döwlet strukturalaryna ýakyn çeşmeleri munuň ýa 7-nji martda ýa-da 17-nji martda amala aşyrylmagynyň mümkindigini aýdypdylar.

Azatlyk Radiosy Berdimuhamedowyň Lebaba etmegine garaşylýan saparyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, Türkmenabat şäherinde we welaýatyň Saýat, Çärjew etraplarynda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilendigini 7-nji martda-da habar beripdi.

Şonda Azatlygyň bu welaýatdaky habarçysy şäheriň “Bitarap Türkmenistan” we S.A.Nyýazow şaýollarynyň ugrunda raýat we polisiýa egin-eşigindäki howpsuzlyk işgärleriniň patrullyk edýändigini, agzalýan şäherdir etraplarda raýatlaryň aw tüpeňleriniň ýygnalandygyny gürrüň berdi.

“Polisiýa işgärleri öýsüz adamlary, şol sanda dilegçileri ýa-da serhoşlary ýygnap, Garaşsyzlyk etrabyndaky ruhy keseller hassahanasyna alyp gidýärler. Neşekeşleri bejerýän merkezde ýa-da kanun goraýjy edaralarda hasaba duran adamlara we günäsi geçilen öňki tussaglara prezidentiň Lebap welaýatyna sapary tamamlanýança, köpçülikleýin ýerlere barmazlyk tabşyrylýar” diýip, habarçy aýdypdy.

Mundan öň bolsa, has takygy 4-nji martda Azatlyk Radiosy prezidentiň Lebaba etjek sapary bilen baglylykda, Türkmenabadyň “Bitarap Türkmenistan” köçesiniň ugrunda arassaçylyk işleriniň geçirilýändigini, köçäniň ugrundaky jaýlaryň ak reňke boýalýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG