Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap prezidentiň saparyna garaşýar: Türkmenabatda howpsuzlyk güýçlendirilýär, köçeler arassalanýar, jaýlar boýalýar


Türkmenabatda prezidentiň saparynyň öňüsyrasy ýollar suw pürkýän maşynlar bilen ýuwlup, arassalanýar. 5-nji iýul, 2016 ý. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty
Türkmenabatda prezidentiň saparynyň öňüsyrasy ýollar suw pürkýän maşynlar bilen ýuwlup, arassalanýar. 5-nji iýul, 2016 ý. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn wagtlarda Lebap welaýatyna sapar etmegine garaşylýar.

Munuň bilen baglylykda, welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabatda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär. Şäheriň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda arassaçylyk işleri alnyp barylýar. Köçäniň ugrundaky jaýlar ak reňke boýalýar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysy 4-nji martda habar berdi.

Prezident Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna etjek saparynyň anyk wagty mälim däl, ýöne Azatlyk Radiosynyň döwlet strukturalaryna ýakyn çeşmeleri munuň ýa 7-nji martda ýa-da 17-nji martda amala aşyryljakdygyny aýdýarlar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, ozallar prezidentiň saparlaryna gabatlap, jaýlaryň daş ýüzi boýalan bolsa, bu sapar diwarlaryň iç ýüzüni hem ak reňke boýamak işleri geçirilýär.

“Aýdylmagyna görä, Saýat etrabynda prezidentiň 2500 hojalyga niýetlenjek täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagyna garaşylýar” diýip, habarçy aýdýar.

Türkmen döwlet metbugatynyň habaryna görä, prezident Berdimuhamedowyň 25-nji fewralda ýokary wezipeli resmiler bilen wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda wise-premýer Dädebaý Amangeldiýew Lebap welaýatynyň Çärjew, Saýat, Halaç we Kerki etraplarynyň çäklerinde guruljak täze şäherçeleriň taslamalaryny prezidente hödürledi. Magulmata görä, bu şäherçeleriň her haýsysy 3500 maşgala niýetlener.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysynyň sözlerine görä, soňky birnäçe gün bäri her gün köçelerde Mugallymçylyk institutynyň, orta hünarmen mekdepleriniň, liseýleriň we tehnikumlaryň milli ýa-da sport eşiginde çärä barýan talyplaryny görmek bolýar.

“Prezidentiň etjek saparynyň wagtynyň golaýlaşmagy bilen, etraplaryň polisiýa hem-de howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri Türkmenabada çagyrylýar. “Bordýurlar” we ýol belgileri boýalýar. Howpsuzlyk çäreleri güýçlenýär” diýip, habarçy aýdýar.

Ähli edara-guramalar öz uçastoklarynda arassaçylyk işlerini geçirýärler, nahal oturdyp, boýag işlerini geçirýärler.

“Şeýle çärelere gatnaşýan adamlaryň arasynda ‘şu zatlaryň hemmesi çaltyrak gutaraýsady’ diýip, nägile bolýan adamlar bar. Ýöne beýleki tarapdan ‘prezidentiň şeýdip geleni gowy, iň azyndan arassaçylyk işleri geçilýär, jaýlar aklanýar, boýalýar, ýogsam bolmasa hiç zat edilenok diýýän adamlar hem bar’ diýip, habarçy belleýär.

Onuň sözlerine görä, adaty wagtlarda jogapkär edaralar öz işlerini berjaý etmeýärler. “Meselem, awtoýullara gözegçilik edýän edara ýola seretmeýär. Komunal gulluklar esasy köçelerden başga ýerlere üns bermeýärler” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň lebaply gürrüňdeşi aýdýar.

Prezident Berdimuhamedowyň welaýatlara edýän saparlarynyň öňýany, welaýatlaryň administratiw merkezlerinde prezidentiň saparyna berk taýýarlyk görülýär. Esasy ýollar asftaltlanýar, ýol kenarlaryndaky jähekler reňklenýär.

28-nji fewralda prezident Balkan welaýatyna sapar etdi. Metbugatda aýdylmagyna görä, ol Garagum çölünde ýerleşýän “Altyn Asyr” türkmen kölüniň ekologiýa şertleri bilen tanyşdy.

27-nji fewralda “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri prezidentiň 4-nji mart duşenbe güni Daşoguz welaýatyna sapar etmegine garaşylýandygyny habar beripdi. Neşiriň maglumatyna görä, munuň bilen baglylykda Daşoguz şäherinde gara we garamtyl reňkli ulaglaryň hereketi çäklendirilýär.

Azatlyk Radiosynyň döwlet strukturalaryna ýalyn çeşmeleriniň biri prezidentiň Lebap welaýatyna etjek saparynyň dowamynda welaýatda möhüm kadr çalşygynyň geçirilmegine garaşylýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG