Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedowy garşylamaga taýýarlanýan Lebapda howpsuzlyk güýçlendirildi


Türkmenabatda köçede duran polisiýa işgäri
Türkmenabatda köçede duran polisiýa işgäri

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebaba etmegine garaşylýan saparyna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, Türkmenabat şäherinde we welaýatyň Saýat, Çärjew etraplarynda howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysynyň 7-nji martda anonim şertde beren maglumatyna görä, Türkmenabat şäheriniň “Bitarap Türkmenistan” we S.A.Nyýazow şaýollarynyň ugrunda raýat we polisiýa egin-eşigindäki döwlet işgärleriniň gözegçiligi güýçlendirildi we agşam sagat 9-dan soň köçä çykýan ilat soraga çekilip başlandy.

“Raýatlardan nireden gelýändigi we nirä barýandygy soralýar. Şeýle-de, olara gije daşary çykmazlyk maslahat berilýär. Indi iki gün bäri ilaty şäheriň “Dostlyk” seýilgähine hem goýbermeýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, mundan iki gün ozal agzalýan etraplardaky we Türkmenabatdaky raýatlaryň aw tüpeňleri polisiýa bölümleri tarapyndan ýygnalyp alyndy.

“Aw bilen meşgullanýan we polisiýa bölümlerinde hasaba duran raýatlara hamala, öz islegi bilen tüpeňleri tabşyrýandygy barada dil haty ýazdyrdylar. Dil hatynda “Prezidentiň sapary çäginde howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen aw tüpeňlerimizi wagtlaýyn tabşyrýarys” diýip ýazdyrýarlar” diýip, saýatly ýaşaýjylaryň biri anonim şertde Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Habarçy polisiýa ýa-da raýat egin-eşigindäki kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň şäheriň we etraplaryň köçelerindäki öýsüz adamlary, şol sanda dilegçileri ýa-da serhoşlary hem ýygnap, Garaşsyzlyk etrabyndaky ruhy keseller hassahanasyna alyp gidýändiklerini hem sözüniň üstüne goşdy.

“Bize prezident gelip gidýänçä, bu adamlaryň keselhanada saklanylmalydygyny aýtdylar” diýip, Garaşsyzlyk etrabyndaky ruhy keseller hassahanasynda işleýän şepagat uýalarynyň biri anonim şertde gürrüň berdi.

Mundanam başga, polisiýa işgärleri neşekeşleri bejerýän merkezde ýa-da kanun goraýjy edaralarda hasaba duran adamlary we günäsi geçilen öňki tussaglary polisiýa bölümlerine çagyryp, prezidentiň Lebap welaýatyna sapary tamamlanýança, köpçülikleýin jemgyýetçilik ýerlerine çykmazlygy tabşyrypdyrlar.

“Polisiýa we organ işgärleri köpçülik ýerlerine çykan şol adamlara administratiw jeza çäresiniň görüljekdigini hem duýdurýarlar” diýip, habarçy belledi.

Prezident Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna etjek saparynyň anyk wagty nämälim bolup galýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň döwlet strukturalaryna ýakyn çeşmeleri munuň ýa 7-nji martda ýa-da 17-nji martda amala aşyryljakdygyny aýdypdylar.

Şol bir wagtda, Berdimuhamedowyň sapary barada häzirlikçe türkmen mediasynda hiç hili habar berilmeýär.

Mundan öň, Azatlyk Radiosy prezidentiň Lebaba etjek sapary bilen baglylykda, Türkmenabadyň “Bitarap Türkmenistan” köçesiniň ugrunda arassaçylyk işleriniň geçirilýändigini, köçäniň ugrundaky jaýlaryň ak reňke boýalýandygyny, 4-nji martda habar beripdi.

“Ähli edara-guramalar öz uçastoklarynda arassaçylyk işlerini geçirýärler, nahal oturdyp, boýag işlerini alyp barýarlar. Soňky birnäçe gün bäri her gün köçelerde Mugallymçylyk institutynyň, orta hünärmen mekdepleriniň, liseýleriň we tehnikumlaryň milli ýa-da sport eşiginde çärä barýan talyplaryny görmek bolýar” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň biri gürrüň beripdi.

Türkmenistanda adatça türkmen lideriniň ýurduň sebitlerine edýän saparlarynyň öň ýanynda, welaýatlaryň administratiw merkezlerinde prezidentiň saparyna berk taýýarlyk görülýär. Ýollar bejerilip, köçeleriň kenarlary arassalanýar we jaýlar abatlanýar.

Türkmen lideri iň soňky gezek 28-nji fewralda Balkan welaýatyna sapar etdi. Resmi metbugat onuň Garagum çölünde ýerleşýän “Altyn Asyr” türkmen kölüniň ekologiýa şertleri bilen tanyşandygyny habar beripdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG