Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň Lebaba etjek sapary çagaly maşgalalara 160 manada düşýär


Lebapda köpçülikleýin çäreden gelýän ýaşlar. Illýustrasiýa suraty
Lebapda köpçülikleýin çäreden gelýän ýaşlar. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebaba etmegine garaşylýan sapary döwründe, ony garşy almaga gatnaşjak mekdep okuwçylaryndan täze egin-eşikleri satyn almak ýa-da tikinmek talap edilýär.

“Prezidenti garşy almak çärelerine gatnaşmak ýa-da “janly koridory” emele getirmek üçin Saýat we Çärjew etraplarynyň 30-dan gowrak mekdebiniň her birinden 30 okuwçy saýlanyp alyndy. Olaryň ählisi 7-nji klasdan ýokary okuwçylardyr. Bu çäräniň dowamynda gyzlardan gyzyl köýnek, ak köwüş, tahýa we oglanlarda gara penjek, balak, ak köýnek we tahýa geýmek talap edilýär. Ene-atalar çagalaryna bu egin-eşikleri alyp bermek üçin ortaça 160 manat çykdajy etmeli boldy” diýip, Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Çärjew we Saýat etraplarynyň ençeme ýaşaýjysyna salgylanyp, gürrüň berdi.

Ol prezidenti garşy almak çärelerine gatnaşmak üçin saýlanyp alnan okuwçylaryň ýüzleriniň öň hem-de çep, sag taraplardan surata düşürilendigini hem aýdyp, sözüni şeýle dowam etdirdi:

“Olaryň eline suratlary berilmändir. Gaýtam olaryň her birinden üç surat üçin 6 manat pul alnypdyr. Olar 4-nji martdan bäri welaýat häkimliginiň golaýyndaky Medeniýet köşgünde geçirilýän taýýarlyk çärelerine gatnaşýarlar. Olar irden sagat 08:30-da alnyp gidilip, öýlän sagat 4-5 töweregi hem çäreden boşadylýar” diýip, habarçy aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ene-atalar okuwçylary bu ýere gatnadýan marşrutka ulagy üçin-de her gün 4 manat töleýärler. Çagalaryň günüň dowamynda iýjek öýlänlik nahary we içjek suwy üçin-de ýene azyndan 10-14 manat aralygynda çykdajy edýärler.

“Köp maşgalalarda diňe bir adam işleýär. Gün-güzeran aýlamak onsuz hem kyn welin, bize prezidentiň sapary gan agladýar” diýip, prezidenti garşy almak çäresine iki çagasy gatnaşýan lebaply zenan anonim şertde gürrüň berdi.

Galyberse-de, Azatlygyň habarçysy Türkmenabat şäherindäki “Gök bazara” we onuň töweregine, demirýol wokzalyna, şeýle-de bu ýerde alnyp barylýan söwda-satyga, şol sanda çöregiň söwdasyna hem gözegçiligiň yzygiderli güýçlendirilýändigini aýtdy.

“Türkmenabadyň wokzalynyň daşynda Milli Howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň işgärleri gelen ýolagçylaryň pasportlaryny ýa-da şahsyýetini anyklaýan resminamalaryny barlaýarlar. Olar köplenç raýat eşigindäki işgärlerdir. Gök bazarda ýa-da onuň töwereginde telefonynda surata düşürýän adamlary hem saklaýarlar. Her adamyň 3-den köp çörek satyn almagyna rugsat bermeýärler” diýip, habarçy belledi.

Belläp geçsek, Azatlyk Radiosy döwlet baştutanynyň Lebaba etmegine garaşylýan saparynyň öň ýanynda, welaýatda arassaçylyk işleriniň, köpçülikleýin medeni taýýarlyklaryň we Türkmenabat şäherinde hem-de Saýat, Çärjew etraplarynda howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilýändigi barada indi 10 güne golaý wagt bäri habar berip gelýär.

Döwlet baştutanynyň Lebap welaýatyna etjek saparynyň anyk wagty nämälim bolup galýar. Bu barada, şeýle-de Lebap welaýatynda prezidentiň saparyna görülýän taýýarlyklar hakynda türkmen mediasynda hem hiç zat aýdylmaýar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň döwlet strukturalaryna ýakyn çeşmeleri munuň ýa 7-nji martda ýa-da 17-nji martda amala aşyrylmagynyň mümkindigini aýdypdylar.

Maglumat üçin aýtsak, Berdimuhamedow 11-nji martda geçiren hökümet ýygnagynda Lebap welaýatynyň häkimi Taňryguly Atahallyýewden “işiň depginini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmegi” talap etdi.

Şeýle-de, türkmen lideri “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi Batyr Gylyjowa we Döwletli etrabynyň häkiminiň orunbasary Astanaguly Öwlýagulyýewe käýinç yglan etdi.

XS
SM
MD
LG