Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine barýan ýoly


Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän port, 2-nji maý, 2018-nji ýyl
Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän port, 2-nji maý, 2018-nji ýyl

Türkmenistan bir söwda proýektine gatnaşýar. Bu söwda proýektine gatnaşýan taraplar tiz girdeji hem-de geljekde has uly düşewüntlülük wada berýärler.

Ýurduň ykdysadyýetiniň ýagdaýy soňky dört ýyl bäri öwerlik däl. Şonuň üçin, häzir “gark bolup barýan her sypaldan ýapyşar” diýleni bolýar.

4-nji martda Azerbaýjanyň, Gürjüstanyň, Rumyniýanyň hem-de Türkmenistanyň daşary işler ministrleri Buharestde geçirilen duşuşykda Gara deňiz – Hazar deňzi Halkara transport koridoryny döretdiler. Bu Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherindäki deňiz porty bilen Rumyniýanyň Gara deňziň kenaryndaky Konstanta portunyň arasyndaky täze söwda marşrutydyr.

Bu iri global söwda marşrutyna öwrülmäni biler. Ýöne munuň agzalýan Merkezi Aziýa ýurdy üçin iň möhüm tarapy Gara deňiz – Hazar deňzi Halkara transport koridory ozalam bar, ýöne bu söwda koridorynyň doly kuwwatynda ulanylmagy üçin onuň infrastrukturasyny ösdürmeli.

Buharestde duşuşyk geçirilen güni Gürjüstanyň daşary işler ministriligi beýanat ýaýratdy: “Ýewropanyň Merkezi Aziýa Gara deňiz we Hazar deňzi arkly baglanmagy häzirki bar bolan transport ugurlarynyň arasynda iň gysga we ykdysady taýdan ýerine ýetirilmegi iň mümkin ugurdyr” diýip, beýanatda aýdyldy.

Iň azyndan teoriýada bu aýdylanlar örän dogry. Bu Türkmenbaşy şäherindäki port üçin örän wajyp ýardam bolar. Türkmenbaşynyň porty ýaňy-ýakynda takmynan 1.5 milliard dollara täzeden gurlup, ýaňadan düzüldi.

Bu döwrebaplaşdyrmak işleri işjeňleşmegine garaşylýan Hazarüsti söwda ugrundan peýdalanmagy maksat edinýärdi. “Gara deňiz – Hazar deňzi” halkar atransport koridory Türkmenistany Rumyniýa, şol sanda Ýewropa Bileleşigine baglap, agzalýan ugry giňeldýär.

Ýöne ol ýerde käbir pesgelçilikler bar.

Birinjilik bilen, Azerbaýnyň Alatdaky täze porty doly işlemeýär. Alatyň Hazaryň günbatarynda örän möhüm port bolmagyna garaşylýar. Ol ýere deňizde getirilen ýükler demir ýollary arkaly Kawkaz daglarynyň arasyndan geçip, Gürjüstanyň Gara deňiz kenaryna daşalar.

Azerbaýjanyň Alat porty
Azerbaýjanyň Alat porty

Alat tamamlanan halatynda-da, Türkmenistan Russiýa we Eýrana-da baglanýan Alatdaky demir ýollaryndan peýdalanmak üçin, hem-de Gazagystanyň deňiz ýüklerine-de hyzmat etjek portuň üsti bilen haryt ýerlemek ugrunda, ahmal, gündogarda Hytaýyň Bir guşak – Bir ýol inisiatiwasyndaky ýurtlar bilen hem-de Aziýanyň ösüş bankynyň hemaýatyndaky Lapis Lazuli koridoryna gatnaşýan ýurtlar bilen hem bäsleşmeli bolar.

Kawkazdan aşandan soňra, Gürjüstanyň Türkmenistanyň ugradan ýüklerine “gara geçjek” bäş sany porty bar.

Gürjüstanyň çuň suwlardaky Anaklia portunyň gurluşygy dowam edýär. Haçan-da bu tamamlananda agzalýan port her ýyl 100 million tonna ýük geçirmäge ukyply bolar. Onuň gurluşyk taslamasy dokuz tapgyrdan ybarat. Portuň gurluşyk işlerine 2017-nji ýylda badalga berildi. Onuň ilkinji tapgyrynyň gurluşygynyň 2021-nj ýylda tamamlanmagy göz öňünde tutulýar.

Anaklianyň websaýtyna görä, portyň gurluşygynyň birinji tapgyry tamamlananda onuň kuwwatlylygy 1 million 20 futluk ekiwalente (teu) barabar bolar, şeýle-de portuň birinji tapgyry 1.5 million tonna gury ýük geçirmäge ukyply bolar.

Türkmenistan sement, haly, ýüpek, tekstil önümleri, dökün eksport edýär. Bular, ahmal, onuň üstümizdäki ýyllarda Ýewropa Bileleşigine eksport etjek esasy önümleri bolar.

Türkmenistan Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän desgalarynda ýa-da Owadandepedäki gazdan ýangyç öndürýän desgalarda öndürilýän nebit kokslaryny, ýagny ýangyç edip ulanmak üçin ulanylýan daşkömürleri, bitumen, ammiak we benzin ýaly nebit önümlerini ekport etmek arkaly has köp girdeji gazanyp biler.

Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän desganyň gurluşygy
Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän desganyň gurluşygy

Azerbaýjanyň 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda açylan Alat portunda “Roro” terminaly, ýagny ulaglaryň ýük gämisine göni girip çykmagyna mümkinçilik döredýän terminaly bar. Diýmek Türkmenistan nebit önümlerini demirýol wagonlaryna ýükläp, ondan soň olary ýük gämilerine ýükläp günbatar sary ýük ugradyp biler.

Ýöne Gürüjstanyň suwuk harytlara niýetlenen diňe iki sany Gara deňiz porty bar. Gyşlag Owazynda mundan ozal hem bellenişi ýaly, olar Batumide we Kulewide ýerleşýän portlardyr. Batumy portuny Gazagystanyň döwlet eýeçiligindäki KazTransOil kompaniýasy, Kulewidäki porty bolsa Azerbaýjan respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) dolandyrýar. Gazagystan bilen Azerbaýjanyň ikisi-de Türkmenistanyň girmegi maksat edýän Günbatar nebit we nebit önümleriniň bazaryna dalaş edýär.

Gara deňiz – Hazar deňzi halkara ulag ugrunyň mümkinçilikleri Türkmenistan üçin ýakyn gelejekde o diýen giň bolmaz. Meselem, Türkmenistanyň ÝB-den ýa-da Kawkaz ýurtlaryndan nämeleri import etjegi aýdyň däl. Ýöne häzir agyr ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistan, islendik täze eksport bazarlaryndan hoşal bolar.

Gara deňiz – Hazar deňzi halkara ulag ugrunyň Türkmenistana dessine getirjek peýdasy – onuň Aşgabadyň ÝB bilen dialogyny giňeltmäge berjek ýardamy bolar. (Rumyniýa häzirki wagtda ÝB-niň döwürleýin prezidenti bolup, bu ýagdaý hem goşant goşup biler) Türkmenistanyň daşary işler ministri Buharestde Gara deňiz – Hazar deňzi halkara ulag ugruny maslahat edýän wagty, şol gabatlarda, Türkmenistanyň daşary işler ministrligi ÝB-niň Türkmenistanda açjak edarasyny maslahat etmek üçin Krisitian Bergeriň ýolbaşçylygyndaky ÝB-niň wekiliýetini Türkmenistanda kabul edýär.

Türkmenistan özüniň iň uly proýektleriniň birini, ýagny Hazarüsti gaz geçirijini durmuşa geçirjek bolsa, oňa ÝB-niň ep-esli hemaýaty zerur bolar.

20 ýyllap Türkmenistan Ýerwopa Bileleşigine ýylda 30 milliard kub metr tebigy gaz eksport etmegi umyt edip geldi.

Kaspi deňziniň hukuk durumynyň gümürtikligi bu taslama böwet bolup gelipdi, 2018-nji ýylyň awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde Kaspi deňziniň hukuk durumy boýunça konwensiýa gol çekilmegi köp ugurlary aýdyňlaşdyrdy.

Hazarüsti gaz geçirijini maslahat etmek üçin türkmen we ÝB-niň wekilleri soňky aýlarda birnäçe gezek duşuşdy.

Bu aralykda Gara deňiz-Hazar deňzi Halkara transport koridory arakaly Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýuljak hyzmatdaşlyk taraplaryň arasynda Hazarüsti gaz geçirijisini durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlyk etmegiň esaslaryny döretmäge ýardam edip biler.

Bu makalada aýdylýan pikirler awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

XS
SM
MD
LG