Utrehtdäki tramwaýda bolan ýowuz hüjüm bilen ilteşikli Türkiýede doglan şübhelini soraga çekýän golland prokurorlary häzire çenli şübheli bilen wakada pida bolanlaryň arasynda arabaglanyşyk tapmandyklaryny aýdýarlar.
19-njy martda çap edilen beýanatda prokurorlar 18-nji martda bolan hüjüme terrorçylygyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini çynlakaý gözden geçirýändiklerini aýtdylar. Muňa belli bir derejede Gokmen Tanisiň gaçan ulagynda peýda bolan bellik hatyň sebäp bolandygyny bellediler.
Muňa garamazdan, olar waka maşgala düşünişmezliginiň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky pikiri hem doly aradan aýryp bolmaz diýdiler.
37 ýaşyndaky Tanis sekiz sagat dowam eden giň gerimli adam awlamak çäresinden soň tussag edildi.
Bu hüjüm bilen ilteşikli tussag edilen başga-da iki adam sorag edilýär diýip, prokurorlar aýtdylar.
19-njy martda ýas tutýan adamlar 24 Oktoberplein meýdanynyň golaýynda hüjümiň bolan ýerinde pida bolan adamlaryň hatyrasyna gülleri goýup başladylar.
Wakada pida bolan adamlaryň şahsyýetleri häzire çenli resmi taýdan yglan edilmedi.