Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň gadagançylygynyň fonunda Täjigistan Baku bilen gepleşikleri geçirýär


Türkmenistanyň territoriýasyndan tranzit geçip bilmeýän tajik ýük ulaglary. Arhiwden alnan surat
Türkmenistanyň territoriýasyndan tranzit geçip bilmeýän tajik ýük ulaglary. Arhiwden alnan surat

Türkmenistan täjik ýük ulaglarynyň öz territoriýasyndan tranzit geçmegine gadagançylyk girizen mahaly, Täjigistan öz ýük ulaglaryny Azerbaýjanyň giňişliginden tranzit geçirmek üçin Baku bilen gepleşikleri geçirýär.

Ýatlatsak, şu ýylyň fewral aýynyň başyndan bäri türkmen häkimiýetleri Täjigistana barýan ýa-da ondan gelýän ýük ulaglary öz territoriýasyndan tranzit geçirmeýär. Türkmenistan bir ýarym aýdan gowrak wagt bäri ýöredýän gadagançylygynyň sebäplerini düşündirmekden saklanýar.

Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministrliginiň 19-njy martda beren maglumatyna görä, ministr Nematullo Hikmatullozoda Bakuwyň halkara deňiz söwda portunyň baş direktory Taleh Ziýadow bilen gepleşikleri geçirdi.

Bu gepleşigiň çäginde Ziýadow portuň alyp barýan işleri barada jikme-jik maglumaty hödürläp, täjik ýüklerini tranzit geçirmek üçin portuň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagy teklip etdi.

Bakuwyň halkara deňiz söwda porty 2018-nji ýylda işläp başlady. Onuň eýeleýän territoriýasy 117 gektar meýdana barabar. Bu port şol bir wagtyň dowamynda 12 gämini kabul edip, bir ýylyň dowamynda 15 million tonna ýüki tranzit geçirip bilýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň berýän maglumatyna görä, Bakuwyň portundan Hazar deňziniň we soňra Gazagystanyň üsti bilen geçiljek marşrut Türkmenistandan geçilen ýol bilen deňeşdirilende ep-esli uzyn bolup, täjik ýük ulag sürüjileri öňküsinden 1000 kilometr artyk ýol geçmeli bolar.

Şeýle-de, bu marşrut maliýe taýdan hem öňküsinden ep-esli gymmada düşýär. Ýöne häzirki wagt täjik ýük ulag sürüjileri üçin bu marşrut ýeke-täk alternatiwa bolup durýar.

Şu ýylyň fewral aýynyň başyndan bäri Türkmenistan sebäplerini aýdyňlaşdyrman we öňünden hiç hili duýduryş bermän, täjik ýük ulaglarynyň öz territoriýasyndan geçmegini gadagan etdi.

Munuň netijesinde, Türkmenistanyň Eýran bilen serhet araçägindäki “Sarahs” geçelgesinde we Türkmenistanyň Özbegistan bilen serhet araçägindäki “Farap” geçelgesinde onlarça täjik ýük ulagy saklanyp galdy.

Türkmen häkimiýetleri gürrüňi edilýän gadagançylyk dogrusynda häzirlikçe kommentariýa bilen çykyş etmän gelýärler.

Geçen aýyň ahyrynda Täjigistanyň ýük ulag eýeleri Türkmenistanyň territoriýasyndaky tranzit gadagançylygy zerarly maddy zyýan çekýändiklerini habar berdiler.

Türkmenistanyň Täjigistana ýük çekýän ulaglary öz territoriýasyndan geçirmezligi bilen bagly waka ilkinji gezek ýüze çykmaýar.

Türkmen serhetçileri geçen ýylyň awgust aýynyň aýagynda Täjigistanyň ýük daşaýjylarynyň ulaglaryny öz territoriýasyna geçirmändi. Türkmen-eýran serhedinden geçip bilmän galan ýük ulag sürüjileri özleriniň Türkmenistanyň giňişligine goýberilmezliginiň sebäplerini bilmeýändiklerini aýdypdylar.

Geçen ýylyň sentýabr aýynyň ortalarynda resmi Aşgabat Türkmenistanyň üstünden tranzit Täjigistana barýan ýük ulaglaryň howpsuzlyk sebäpli türkmen serhedinde saklanýandygyny aýtdy. Türkmen tarapynyň bu düşündirişiniň nämäni aňladýandygy henize çenli nämälim bolup galýar.

XS
SM
MD
LG