Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan 60 ýaşyny doldurmadyk adamlara syýahat wizasyny bermegi dilden ‘gadagan etdi’


Illýustrasiýa suraty. Aşgabadyň halkara aeroporty

20-nji martda syýahatçylyk habarlaryny çap edýän “RATA News” rus neşiri Türkmenistanyň 60 ýaşa ýetmedik turistlere syýahat wizasyny bermegi dilden gadagan edendigini habar berdi.

Neşir maglumatynda türkmen wizasyny almak boýunça mundna ozal bar bolan kynçylyklaryň has-da ýaramazlaşýandygyny aýdýar.

Habarda “Žarkow-tur” rus syýahatçylyk kompaniýasynyň baş müdiri Andreý Žarkowyň sözleri getirilýär. Ol türkmen wizasyny almagyň kynçylyklaryny gürrüň berýär. Žarkowyň sözlerine görä, kompaniýa eýýäm birnäçe ýyl bäri öz saýtlarynda müşderilere Türkmenistana syýahat saparalaryny hödürleýär, ýöne olar degişli wizalary alyp bilmäni gelýär.

“Indi wiza almaga-da synanyşamyzok!” diýip, Žarkow aýdýar.

Onuň sözlerine görä, Türkmenistan 60 ýaşyny doldurmadyk adamlara syýahat wizasyny gadagan edipdir.

“Eger siz ýaş bolsaňyz, özi-de aýal-gyz bolsaňyz, onda siziň Türkmenistanyň gözelligini görmek ähtimallygyňyz tas nola deň bolýar” diýip, Žarkowyň sözleri neşiriň maglumatynda sitirlenýär.

22-nji martda Azatlyk Radiosy “Žarkow-tur” rus syýahatçylyk kompaniýasy bilen wiza meseleleri babatdaky soraglar boýunça komentariýa sorap, telefon arkaly habarlaşdy. Kompaniýanyň jogapkär işgäriniň sözlerine görä, Türkmenistana syýahat wizasyny almak diňe bir 60 ýaşyny doldurmadyklara däl, eýsem soňky birnäçe ýyl bäri öz kompaniýalarynyň üsti bilen wiza ýüz tutýan tas hiç kime-de mümkin däl.

Eýsem, Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary bu ugurda daşary ýurtly turistlere nähili wiza mümkinçiliklerini hödürleýär!?

Rus raýatlarynyň Türkmenistana syýahat wizasyny almak mümkinçilikleri barada 22-nji martda Türkmenistanyň “Ahalsyýahat” döwlet syýahatçylyk kompaniýasy bilen habarlaşan Azatlyk Radiosynyň çeşmesiniň sözlerine görä, türkmen syýahatçylyk kärhanasy diňe 60 ýaşdan aganlara däl, hemmelere-de türkmen syýahatçylyk wizasyny almagyň mümkindigini aýtdy. Ol agzalýan çäklendirmeleri inkär etdi.

“RATA News” neşiriniň maglumatlaryna görä, “Eneks Trewel” kompaniýasynyň halkara proýektler boýunça ýolbaşçysy Sergeý Krylow Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda bar bolan medeniýet we syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçilikleriň wiza kynçylyklary sebäpli çäklendirilýändigini aýdýar.

Silk Road Voyages syýahatçylyk kärhanasynyň direktory Ilham Abdurahmanowyň sözlerine görä, Türkmenistanyň wiza problemasy rus syýahatçylaryny bökdeýän iň esasy sebäp bolup durýar.

Onuň ynanjyna görä, bu problemany döwlet derejesinde çözmeli.

“Takmynan her bäş turistden biriniň ýüz tutan wizasy ret edilýär” diýip, neşir Abdurahmanowyň sözlerini getirýär.

Ýokary derejeli türkmen resmileri geçirýän hökümet maslahatlaryna Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösýändigini aýdýar.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Ministler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Bahargül Abdyýewa ýurtda sanly syýahatçylyk işlerini guramalaşdyrmak işleriniň dowam edýändigi barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

6 – 10-njy mart aralygynda Germaniýada geçirilen ITP 2019 Berlin atly halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşan Türkmenistanyň döwlete degişli “Ahalsyýahat” syýahatçylyk kärhanasynyň ýolbaşçysy metbugatda eden çykyşynda Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň ýewropaly turizm kompaniýalary bilen, has takygy germaniýaly, awstriýaly, ispaniýaly we italiýaly syýahatçylyk firmalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça ylalaşyga gol çekendiklerini mälim etdi.

“Human Rights Watch”, “Freedom House” ýaly iri halkara guramalaryň ýyllyk hasabatlaryna görä, Türkmenistan ýapyk ýurt bolmagynda galýar; häkimiýetler diňe bir daşary ýurtlularyň Türkmenistana barmagyna däl, eýsem käbir halatlarda türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlara çykmagyny hem eden-etdilikli gadagan edýär.

Teswirleri gör (2)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG