Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda esgerler gulluga çagyryldy, goranmak ministri käýinç aldy


Türkmenistan (arhiw suraty)

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerine nobatdaky çagyryş yglan edildi.

Prezidentiň 20-nji martda gol çeken kararyna görä, 18 ýaşy dolan raýatlar 2019-njy ýylyň aprel-iýun aýlarynyň aralygynda harby gulluga çekiler, agzalan döwürde harby gulluk möhletini tamamlan raýatlar ätiýaçlyga çykarylar.

Resmi maglumatlara görä, munuň bilen bilelikde harby taýýarlykda tapawutlananlar sylaglanar.

Türkmenistanda raýatlar iki ýyl möhletli harby gulluga ýylyň dowamynda iki gezek baharda hem güýzde çagyrylýar.

Harby gulluga çagyryljaklaryň medisina barlaglary 23-nji ýanwarda başlandy. Azatlygyň habarçylary şu ýyl ýaragly güýçlerine gulluga saglyk taýdan ýarawsyz ýaşlaryň çekilýändigini habar berdiler.

Şeýle-de, 20-njy martda Türkmenistanyň goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe käýinç berildi. Resmi maglumatlara görä, bu käýinje onuň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmändigi we siliň öňüni almak boýunça zerur işleri wagtynda geçirmändigi sebäp bolupdyr. Balkan welaýatynda soňky günlerde bolan sil zerarly ençeme bina zeper ýetdi, onlarça maşgala göçürildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG