Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Russiýa eksport eden 18 müň tonnalyk pomidoryndan zyýanly mör-möjek tapyldy


Pomidor. Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Russiýa eksport eden pomidorlaryndan zyýanly mör-möjek tapyldy.

Muny Russiýanyň “Rosselhoznadzor” edarasynyň resmi saýty 20-nji martda mälim etdi. “Rosselhoznadzor” oba hojalyga degişli önümleriň hiline gözegçilik edýär.

Maglumata görä, “Rosselhoznadzoryň” Orenburg oblastyndaky şahamçasy Türkmenistandan getirilen 18 müň tonnalyk pomidory hil barlagyndan geçirýär.

Barlagyň netijesinde Türkmenistanda öndürilen pomidorlardan latynça ady “bemisia tabaci” atlandyrylýan, akganatly zyýanly mör-möjek tapylýar.

Maglumatda önümiň Türkmenistanyň hil barlagyndan geçendigi bellenilýär.

“Rosselhoznadzoryň” Orenburg oblasty boýunça barlag merkeziniň ekspertleriniň geçiren laboratoriýa barlaglary pomidorlardan zyýanly akganatlynyň tapylandygyny tassyklaýar.

Gözegçilik edarasy önümleri zyýansazlandyryp, dizinfeksiýa etmek boýunça karar çykardy.

Ýatlasak, golaýda Türkmenistanda iýmit howpsuzlygy boýunça ilkinji hususy barlaghana açyldy.

Bu proýekt ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) goldamagynda “Hil Standart” kärhanasy tarapyndan durmuşa geçirilipdi. Proýekt Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň inisiatiwasy bilen açylypdyr.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň beýanatynda berilýän maglumata görä, täze mikrobiologiýa barlaghanasy iýmit önümleriniň barlagy boýunça täjirçilik hyzmatlaryny hödürlär. Bu bolsa öz gezeginde, ýerli öndürijileriň we eksport edýän kärhanalaryň, barlaghananyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilmeine ýol açar.

Russiýanyň oba hojalygyna degişli önümleriň hiline gözegçilik edýän “Rosselhoznadzor” akganatly barada maglumat berýär. Bu zyýanly mör-möjek ösümlikleriň ýapragyna zyýan ýetirýär. Maglumata görä, türkmen pomidorlaryndan tapylan akganatly Russiýanyň howa şertlerinde ýyladyşhanalara-da ýaýrap, 600-e golaý ösümlige zyýan ýetirip bilýär; akganatly ýaýran halatynda alnan hasylyň tas ählisi diýen ýaly zaýalanyp bilýär.

Türkmenistan importyň ornuny tutýan harytlar öndürmek boýunça ýurtda alnyp barylýan programmanyň çäginde ýurduň dürli künjeklerinde ýyladyşhana gurýar. Olarada öndürilen önümleri içerki we daşarky bazarlara ýerlemek göz öňünde tutulýar.

Türkmen media we metbugat serişdeleri ýurtda öndürilýän gök-bakja önümleri baradaky habarlary yzygiderli halk köpçüligine ýetirip durýär.

Türkmenistan agyr ykdysady krizisiň fonunda soňky iki ýyl bäri ýurt içinde azyk önümleriniň ýetmezçiligini başdan geçirýär.

Media maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, Türkmenistanda esasan Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň binýadyndaky daýhan hojalyklary gök-bakja önümçiliginde ýyladyşhanalardan peýdalanýar.

Ýurduň resmi habar serişdeleri Orsýete eksport edilen türkmen pomidorlarynda tapylan zyýanly mör-möjek barada habar bermeýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG