Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Russiýa, Hytaý we ÝB bilen Owganystan boýunça garaýyşlaryny paýlaşdy


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ resmileri Russiýa we Hytaý bilen owgan parahatçylyk gepleşikleri boýunça “garaýyşlaryny paýlaşdylar” diýip, Döwlet Departamenti maglumat berýär.

22-nji martda ýaýradylan beýanatda bellenmegine görä, 21-22-nji mart aralygynda Waşingtonda geçirilen duşuşykda taraplar “Owganystanda parahatçylygy, abadançylygy we howpsuzlygy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan bilelikdäki tagallalar barada maslahat edipdirler”.

Duşuşygyň netijesi boýunça üç tarap hem gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçirmek barada ylalaşypdyr. Onuň geçjek ýeri we wagty indi kesgitlenmeli.

Beýanatda gepleşiklere anyk haýsy resmileriň gatnaşandygy belli edilmedi.

Emma, 20-nji martda Döwlet Departamenti ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzadyň bu mesele boýunça rus we hytaý resmileri bilen duşuşjakdygyny mälim edipdi.

Şol beýanatda gepleşiklere rus prezidentiniň Owganystan boýunça wekili Zamir Kabulowyň, onuň hytaýly kärdeşi Deng Şijunyň we Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili Roland Kobianyň gatnaşjakdygy bellenilipdi.

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki TASS gullugy Waşingtondaky gepleşiklere Kabulowyň gatnaşandygy barada maglumat berdi.

XS
SM
MD
LG