Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan diýlip üýtgedildi


Gazagystanyň paýtagty indi Nur-Sultan diýlip atlandyrylar.
Gazagystanyň paýtagty indi Nur-Sultan diýlip atlandyrylar.

Gazagystanyň wagtlaýyn prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew paýtagt Astananyň adyny ýurduň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň ady bilen üýtgetmek baradaky karara gol goýdy.

Nazarbaýew şu hepde duýdansyz ýagdaýda wezipesinden çekilýändigini yglan edipdi.

Paýtagty Nur-Sultan diýip üýtgetmek baradaky karar gazak prezidentiniň websaýtynda çap edildi.

2020-nji ýyldaky nobatdaky saýlawlara çenli prezident bolmaly Tokaýew paýtagtyň adyny üýtgetmek baradaky teklibini 20-nji martda dile getiripdi. Mundan bir gün öň, Gazagystana 30 ýyl töweregi ýolbaşçylyk eden 78 ýaşly Nazarbaýew wezipesinden çekilipdi.

Emma, Nazarbaýew ýurduň Howpsuzlyk Geňeşiniň we häkimiýet başyndaky Nur-Otan partiýasynyň başlygy wezipelerinde saklanyp galar.

Paýtagtyň adyny üýtgetmek teklibini Parlamentiň agzalary dessine kabul etdiler. Emma, jemgyýet muňa garşylyk görkezdi. Gazagystanyň paýtagtynda 21-22-nji martda geçirilen ýörişlerde onlarça adam tussag edilipdi.

Adam hukuklaryny goraýjylar Nazarbaýewi dissidentleri sem etmekde, demokratiki hasaplanmadyk ses berilişikleriň üsti bilen häkimiýet başynda saklanyp galmakda we özüniň mümkin garşydaşlaryna basyş etmekde aýypladylar.

XS
SM
MD
LG