Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýa we Kosowa NATO-nyň bombalamak kampaniýasynyň 20 ýyllygyny belleýär


Serbiýanyň prezidenti Aleksandr Wuçiç 1999-njy ýylda NATO-nyň öz ýurduny bombalamagyna garşy çykyş edip, ol muny parahat ilatdan 2500 adamyň ölümine we milliardlarça dollar zyýana sebäp bolan “jenaýat” diýip atlandyrdy.

Muňa garamazdan, bu hüjümden peýdaly çykan goňşy Kosowanyň häkimiýetleri regiondaky gandöküşligi bes etmäge kömek edendikleri üçin özleriniň Günbatar harby ýaranlygyna we Birleşen Ştatlara “hemişe minnetdar” boljakdyklaryny aýtdylar.

Serbiýa we Kosowa NATO-nyň şol döwürdäki Ýugoslawiýa federal respublikasyna amala aşyran 78 günlük howa kampaniýasynyň 20 ýyllygyny belleýär.

2008-nji ýylda Kosowa Serbiýadan bölünip aýryldy we öz garaşsyzlygyny yglan etdi.

Kosowanyň garaşsyzlygyny dünýäniň 110-dan gowrak döwleti ykrar etse-de, Serbiýa muny häzire çenli ykrar etmän gelýär.

“Parahat ilatdan 2500 adamyň, şol sanda 79 çaganyň öldürilmegi, ýurduň weýran edilmegi we onlarça million dollary möçberinde çekilen zyýan – bularyň ählisi biziň üçin hemişe jenaýat bolup galar” diýip, Wuçiç Nis şäherinde geçirilen dabarada aýtdy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparlar adam ýitgileriniň sanynyň aýdylýan görkezijilerden azdygyny, ýöne olaryň ýüzlerçedigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG