Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine harby tejribä baý resmini hödürleýär


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň 45-nji prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine Metýu S. Klimowy (Matthew S. Klimow ) hödürleýändigini mälim etdi.

Bu bildiriş 18-nji martda Ak tamyň resmi websaýtynda çap edildi.

Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky nobatdaky ýokary diplomatynyň harby bilimi we çuň harby tejribesi synçylaryň ünsüni çekýär.

Metýu S. Klimow häzirki wagtda Birleşen Ştatlaryň Döwlet Departamentiniň baş sekretarynyň dolandyryş işleri boýunça orunbasarynyň edarasynda baýry maslahatçy bolup işleýär. Ol Brýusselde NATO-nyň baş sekretarynyň orunbasarynyň kömekçisi bolup işledi. Klimow 1973-2003-nji ýyllar aralygynda Birleşen Ştatlaryň Ýaragly güýçleriniň hatarynda gulluk etdi hem-de polkownik harby çini bilen hormatly dynç alşa çykdy. Ol Birleşen Ştatlaryň wise-prezidentiniň harby işler boýunça ýörite maslahatçysy, Baş ştabyň başlygynyň orunbasary wezipelerinde işledi. Ol Birleşen Ştatlaryň Harby akademiýasyndan bakalawr, Birleşen Ştatlaryň Goşun komandowaniýasynyň we Baş ştabynyň harby merkdebinden harby ugur boýunça magistr derejesini aldy, Saud Arabystanynda we Kuweýtde Çöl harasady operasiýalaryna gatnaşdy.

Azatlyk Radiosy Aşagabat bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklarda uly rol oýnajak nobatdaky amerikan diplomatynyň harby geçmişini üns merkezine çekip, Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýere sorag bilen ýüzlendi.

“Howpsuzlyk gowy, elbetde, biz Donald Tramp bu adamy wezipä bellemek kararyna gelende haýsy maglumatlaryň Trampa elýeterli bolandygyny bilmeýäris. Näme üçin Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine harby geçmişi baý bolan adamy belläp bolar? Elbetde, alkymda Owganystan bar ýa-da, belki-de, bu ýerde başga bir zatlar bardyr, ýöne bularyň hiç haýsysy harby geçmişe eýe bolan adamy hususan-da Türkmenistana ilçi wezipesine bellemegiň sebäplerini düşündirmek üçin ýeterlik däl. Ýöne bulary aýtmak bilen bir hatarda, ol ýerde Kaspi hem bar, belki-de başga bähbitler hem bardyr. Belki-de Klimowyň gysga terjimehalynda mälim edilmedik, ýagny ol jemgyýetçilige mälim bolmadyk bir tälim-türgenleşikden geçendir” diýip, Panniýer pikir ýöretdi.

Ýöne ol bir bakyşda täze wezipä bellenen ilçiniň harby tejribesiniň üns çekýändigini aýtdy:

“Men ylalaşýaryn, ýagny bir bakyşda, harby tejribä baý adamy Birleşen Ştalaryň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine bellemegiň sebäpleri gyzyklandyrýar” diýip, ekspert aýtdy.

Onuň nukdaýnazaryna görä, nobatdaky ilçiniň harby tejribeleri Moskwany, Pekini we Tährany gyzyklandyrar.

Häzirki wagtda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Alan Filip Mastarddyr (Allan Phillip Mustard). Ol 2014-nji ýylyň 25-nji noýabrynda bu wezipä bellenildi.

Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryndaky soňky täzelikler barada aýdylanda, 24-nji martda Türkmenistanyň döwlet habar gullugy Donald Trampyň Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ugradan gutlag hatyny çap etdi. Gutlagda Berdimuhamedowa, onuň maşgalasyna hem-de türkmen halkyna baýramçylykda şatlyk we rowaçlyk arzuw eden Tramp Türkmenistanyň Günbatara gaz eksport etmegiň täze mümkinçiliklerinden peýdalanjakdygyny ynanýandygyny belledi:

“Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halky we işewür toparlary Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek üçin täze ugurlary kesgitleýärler. Ýakynda Hazar deňziniň hukuk derejesiniň kesgitlenilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň tebigy gazyny günbatar ugur boýunça eksport etmegiň täze mümkinçiliklerini peýdalanyljakdygyna ynanýaryn” diýip, türkmen metbugatynyň çap eden hatynyň mazmunynda aýdylýar.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer Waşingtondaky syýasatçylaryň Ýewropanyň gaz söwdasynda diňe Russiýa garaşly galmagynyň tarapdary däldigini, munuň bilen baglylykda 20 ýyl bäri türkmen gazynyň günbatar sary akdyrylmagy boýunça alnyp barylýan syýasaty goldap gelýändigini gürrüň berdi.

“Elbetde, Waşingtonyň [karar mehanizmlerindäki] syýasaçtlar, diňe bir Birleşen Ştatlaryň prezidenti däl, hususan-da diňe [Trampyň] özi däl, eýsem ol ýerdäki beýleki ýokary wezipeliler kartinany has giňişleýin görüp billýärler. Olar Ýewropanyň diňe ýeke-täk gaz üpjünçä, ýagny Russiýa garaşly galmagynyň dogry pikir däldigine ynanýarlar” diýip, Panniýer aýtdy.

Şonuň üçin, Panniýeriň sözlerine görä, Trampyň gutlag hatynda Hazar deňziniň kanuny statusyny we Türkmenistanyň Günbatara gaz ibermek mümkinçiliklerini bellemegi Birleşen Ştatlaryň gaz geçiriji boýunça hem Ýewropa hem-de Türkmenistana berýän goldawyny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň Döwlet habar gullugynyň resmi websaýtynyň rus dilindäki wersiýasy Trampyň gutlag hatyny Gagauziýanyň baştutany Irina Wlahyň Berdimuhamedowa ýollan gutlag haty bilen bilelikde çap etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG