Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ölenleriň sany artýan mahaly, Rohani ejir çekenlere kompensasiýa bermegi wada berdi


27-nji martda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Gülistan welaýatyna bardy.
27-nji martda Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Gülistan welaýatyna bardy.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlaryň ilatyna kompensasiýa bermegi wada berdi.

Rohani we kabinet ministrleriniň birnäçesi suw joşgunlarynyň ýetiren zyýanyny görmek üçin 27-nji martda Eýranyň demirgazygyndaky Gülistan welaýatyna bardy.

Resmiler suw joşgunlarynda 26 adamyň ölendigini we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny tassykladylar diýip, ýarym resmi “Tasnim” habar agentligi aýdýar.

Suw joşgunlarynda iň köp adam ýitgisiniň ýurduň günortasyndaky Fars welaýatynyň paýtagty Şiraz şäherinde bolandygy habar berilýär. Bu şäherde ölenleriň sanynyň 18-e barabardygy bellenilýär.

“Tasnim” habar agentligi Rohaniniň sözlerine salgylanyp, suw joşgunlarynyň Eýranyň 31 welaýatyndan 25 sanysyna täsir ýetirendigini aýdýar.

“Biz Gülistany öňküsi ýaly edip täzeden gurarys we biz siziň ýanyňyzda bolarys” diýip, Rohani aýtdy.

XS
SM
MD
LG