Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Orsýete Wenezueladan “çyk” diýýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 27-nji martda Ak tamda Wenezuelanyň oppozisiýa lideri Juan Guaidonyň aýaly Fabiana Rosales bilen duşuşdy.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 27-nji martda Ak tamda Wenezuelanyň oppozisiýa lideri Juan Guaidonyň aýaly Fabiana Rosales bilen duşuşdy.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Orsýeti öz goşunlaryny Wenezueladan çykarmaga çagyrdy we munuň gazanylmagy üçin “ähli çäräniň” açykdygyny duýdurdy.

“Orsýet ol ýerden çykmaly” diýip, Tramp 27-nji martda Ak tamda, Wenezuelanyň oppozisiýa lideri Juan Guaidonyň aýaly Fabiana Rosales bilen duşuşanda žurnalistlere aýtdy. Birleşen Ştatlar we dünýäniň 50-den gowrak ýurdy Guaidony ýurduň geçiş prezidenti hökmünde ykrar etdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Maria Zaharowa rus telewideniýesine Waşington ilki, başgalaryň ýurtlardan çykmagy barada aýtman, özüniň “Siriýadan çykmak barada beren wadasyny ýerine ýetirsin” diýdi.

23-nji martda Orsýetiň iki sany harby uçary Wenezuelanyň paýtagty Karakasda gondy, olar 100-e golaý rus harbysyny alyp geldiler. ABŞ hökümeti olaryň arasynda ýörite güýçleriň wekilleriniň we kiber howpsuzlygy ekspertleriniň hem bardygyna ynanýar.

Tramp rus güýçlerini ol ýerden nädip çykarjak diýlip berlen soraga “Biz göreris, ähli çäre açyk” diýip jogap berdi. Orsýet Wenezuelada milliardlarça dollar maýa ýatyrdy we Maduranyň berk tarapdary bolup galdy.

XS
SM
MD
LG