Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň poçtasy Orsýete posylka ibermegini wagtlaýy togtatdy


Poçta bölümi
Poçta bölümi

Türkmenistanyň poçta bölümleri Orsýete iberilýän posylkalary kabul etmegini bes etdi. Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary bu ýagdaýyň 27-nji martdan bäri paýtagtda dörändigini habar berdiler.

Türkmenistandan Orsýete posylka ugratmak mümkinçiligi welaýatlarda hem bes edilipdir.

"Tanyşlarymyň garyndaşy Guşgydan jaň edip aýtdy. Onuň Orsýete ugradan posylkasyny yzyna beripdirler, emma [poçta hyzmaty üçin] tölän 800 manadyny gaýdyp bermändirler" diýip, Azatlygyň habarçysy 28-nji martda habar berdi.

"Türkmenpoçta" döwlet kärhanasynyň baş edarasynda Türkmenistandan Orsýete posylka iberilmegini togtadylandygyny tassykladylar. Edaranyň telefon üsti bilen jogap beren işgäri bu hyzmatyň "bir aýlyk" togtadylandygyny habar berdi emma sebäbini düşündirmedi.

Türkmenistanyň beýleki poçta bölümleriniň müşderilerine hem sebäbi düşündirilmändir.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky ygtybarly çeşmesi Türkmenistandan Orsýete poçta hyzmatlarynyň çäklendirilmeginiň sebäpleriniň biriniň maliýe meselesi bilen bagly bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

"Orsýetiň Türkmenistandan posylkalary kabul etmek hyzmaty bilen üpjün etmegini bergi sebäpli togtadandygy barada maglumat bar" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, Türkmenistandan Orsýete poçta hyzmatlaryna ilat arasynda uly talap bar.

"Soňky iki ýylyň dowamynda, gymmatlygyna garamazdan, poçta hyzmatlaryndan Türkmenistandan Orsýet Federasiýasyna gidýän adamlar köp peýdalanýarlar we öz zatlaryny ugradýarlar. Şeýle-de, student-çagalaryna zat iberýärler" diýip, habarçymyz aýdýar.

Häzirki wagtda Türkmenistandan Orsýete poçta arkaly iberilýän zatlaryň her 20 kilogramynyň bahasy 800 manada durýar.

Türkmenistanda poçta hyzmatlaryny "Türkmenpoçta" döwlet edarasy we EMS gullugy üpjün edýär.

Poçta hyzmatlary 2018-nji ýylyň oktýabr aýynda tas 60% gymmatlapdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG