Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda poçta bilen ugradylan hatlar we gazetler gijigip gelýär


Aşgabatda ýerleşýän poçta edaralarynyň biri

Türkmenistanda, hususan-da, Aşgabatda ilata edilýän poçta hyzmatynyň barha ýaramazlaşyp, ýaşaýjylaryň gazet-žurnallary ýa-da hatlary, poçta bilen ugradylan beýleki zatlary gijigip gelýär.

Türkmenistanda bolup geçýän wakalara we täzeliklere ýakyndan syn edýän aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaýa esasanam Parahat 1, 2 we 3 etrapçalarynda syn etse bolýandygyny aýdyp, käte ýurduň öz içinde, hatda bir welaýatyň bir etrabyndan beýleki etrabyna ugradylan hatlaryň hem 25-30 günde gowşurylýandygyny belleýär.

“Poçtalonlaryň gazet-žurnallary adamlara wagtynda eltmekde, gowşurmakda ilata edýän hyzmaty juda ýaramaz. Bu ýagdaý soňky iki-üç aýyň dowamynda öňküsinden hem has erbetleşdi. 17-nji poçta bölüminiň hyzmat edýän mikroraýonlarynda gazetleriň hepdede bir gezek getirilýän gezekleri hem bar” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.

Mundanam başga, ol poçtaçylaryň gazet-žurnallary ýa-da hatlary köp gatly jaýlaryň girelgelerindäki poçta gutularyna ýerleşdirmän, olaryň ählisini “çen gelen ýerde oklap gidýändigini” hem sözüniň üstüne goşdy.

“Poçtalonlar meýdandan zir-zibili ýa-da hapa-hupany getiren ýaly girelgä giren ýeriňde ýa-da ýokary çykylýan basgançagyň üstüne oklap gidýär. Onsoň her kim öz gazetini tanap almaly. Ol gazetlerem il-gün ýazylany üçin almak isleýär. Ýogsam bolmasa, okar ýaly zadam ýok, özem olar il-güne zor bilen ýazdyrylýan gazet-žurnallar” diýip, synçy aýtdy.

Belläp geçsek, Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän işgärler we studentler ýurtda neşir edilýän gazet-žurnallara ýazylmaga mejbur edilip, munuň üçin her bir adam ýarym ýyl üçin azyndan 100 manat möçberinde çykdajy etmeli bolýar.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň ençemesi poçta hyzmatlarynyň hili barada paýtagtyň Parahat 1 we 2 etrapçalarynyň aralygynda ýerleşýän we bäş sany etrapça hyzmat edýän 17-nji poçta bölümine ýüz tutandygyny, ýöne bu edaranyň jogapkär resmileriniň meseläni “poçtalonyňyz bilen gepleşiň, biziň başymyzy agyrtmaň” diýip, jogap berendigini gürrüň berdiler.

Aýdylmagyna görä, mundan soň ýaşaýjylaryň ençemesi Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasyna barýar. Bu edaranyň gazetleri, hatlary we beýlekileri paýlamagy öz içine alýan bölüminiň jogapkär ýolbaşçysy ýaşaýjylara munuň ugruna çykyljakdygyny aýdyp, olaryň ýaşaýan jaýlarynyň adreslerini alyp galsa-da, bu babatda häzire çenli özgerişlik göz ilmeýär.

Mundanam başga, döwlet tarapyndan ilata edilýän poçta hyzmaty arkaly ýurduň beýleki künjegine pul ugratmak mümkinçiliginiň aşa gymmatdygyna hem üns çekilýär. Häzirki wagt ýaşaýjylaryň ugradýan pul serişdesiniň 20%-ni “hyzmatlar üçin” diýlip saklanýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasy we Aşgabadyň 17-nji poçta bölümi bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG