Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus resmisi Tokýadaky oýunlarda boksy saklap galmak üçin $16 million teklip edýär


Tokýoda geçiriljek olimpiýa oýunlaryna Halkara boks assosiasiýasynyň gatnaşjakdygy ýa-da gatnaşmajakdygy baradaky soňky netijäniň 22-nji maýda mälim edilmegine garaşylýar.

Russiýanyň boks boýunça resmisi eger olimpiýa oýunlaryny guramalaşdyryjylar 2020-nji ýylda Tokýoda geçiriljek oýunlarda sportuň bu görnüşini saklap galsalar, onda Halkara boks assosiasiýasynyň (AIBA) 16 million amerikan dollary möçberindäki karzyny özüniň tölejekdigini aýtdy.

Halkara boks assosiasiýasynyň (AIBA) ýerine ýetiriji komitetiniň agzasy Umar Kremlew bu baradaky teklibini Halkara Olimpiýa Komitetiniň (IOC) resmilerine iberen hatynda mälim etdi. Bu hat 28-nji martda köpçülige ýetirildi. Halkara Olimpiýa Komitetiniň (IOC) bu resmileri Halkara boks assosiasiýasyna garşy gönükdirilen aýyplamalary derňeýärler.

Düýbi Şweýsariýada ýerleşýän Halkara boks assosiasiýasy (AIBA) höwesjeň boksçylaryň dolandyryjy edarasydyr. Ol öň “Association Internationale de Boxe Amateur” ady bilen hem tanalýardy.

Halkara boks assosiasiýasynyň prezidentligine dalaş etmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim eden Kremlew “özüniň halaýan sporty Olimpiýa programmasynda saklanyp galsa, onda AIBA-nyň karzyny doly görnüşinde özüniň tölemäge taýýardygyny” aýtdy.

Tokýoda geçiriljek olimpiýa oýunlaryna Halkara boks assosiasiýasynyň gatnaşjakdygy ýa-da gatnaşmajakdygy baradaky soňky netijäniň 22-nji maýda mälim edilmegine garaşylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG