Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda dilegçileriň arasynda çagaly eneler köp duş gelýär


Türkmenistan (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistanda çagaly eneleriň köp dilegçilik edýändigi göz ilýär. Azatlygyň habarçylarynyň we garaşsyz habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, soňky wagtda Türkmenistanda dilegçilik edýän adamlaryň arasynda çagaly eneler has köp duş gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy bu ýagdaýyň welaýatlarda köp göze ilýändigini, emma paýtagtda soňky wagtda dilegçileriň jemgyýetçilik ýerlerinde köp göze ilmeýändigini aýdýar.

"Türkmenabatda çagaly eneler köp dilegçilik edýärler. Aşgabadyň köçelerinde ençeme wagt bäri dilegçiler köp göze ilmeýär. Soňky ýyllarda jaýlara hem köp aýlanyp dilegçilik edýärdiler. Emma golaýda olar hem azaldy. Köplenç tigirli maýyplary görýärin, olar açyk dilemeseler-de, olara pul berýärler. Käwagt garryja mamalar ujypsyzja gazanç üçin kiçijik bir zatlary satýarlar. Bu pahyrlary hem polisiýa kowýar" diýip, habarçymyz 29-nji martda habar berdi.

Türkmen.news neşri Balkanabat şäheriniň "Baý bazar" atly merkezi bazarynyň öňünde dilegçilik edýän garryja zenanlaryň gezekleşip durýandygyny habar berýär.

Maglumatda jemgyýetiň ejiz toparyna, ilkinji nobatda pensionerleriň, çalalaryny ýeke terbiýeleýän zenanlaryň girýändigini belleýär we agyr günde girdejisiz galanlaryň mysallarynyň birnäçesini getirýär.

"Balkanabatly Arzygül 40 ýaşynda, göräýmäge 50 ýaşynda diýse bolýar. Adamsy ony üç sagasy bilen goýup gidipdir. Arzygül hiç wagtda hiç ýerde işlemändir, elinde bilim dokumentlerinden orta mekdebiň attestaty bar. Köp çagaly maşgala onuň üçünji topar maýyplyk pensiýasyna 352 manada gün görýär. Arzygülüň gulagy agyr" diýip, türkmen.news zenanyň ykbaly barada habar berýär.

"Zenan günde Balkanabadyň kwartallaryna aýlanyp çykýar, jaýlaryň gapysyny kakýar, käte anna günleri metjidiň golaýynda dilegçilik edýär. Kim 1 manat berýär, kim 5, hatda 10 manat. Arzygül köpleriň ony tanaýandygyny we özleri agyr günde bolmasa kömek bermäge çalyşýandygyny, emma soňky wagtda berýänleriň azalýandygyny aýdýarlar. Onuň köneje polietilen haltasynda mydama gapakly gapjagaz bar, kimdir saglykdan gutulmagy, goşundan gelmegi, çaga dogulmagy ýa-da ýas sebäpli sadaka berýän bolsa nahar üçin. Aýalyň sözlerine görä, şonda onuň paýyna bir kepgir palaw ýa-da dograma düşýär, şeýle-de çörek we bir gysym bogursak berilýär" diýip türkmen.news neşriniň maglumatynda aýdylýar.

Garaşsyz neşir ýaňy-ýakynda adamlaryň elini serip dilegçilik etmäge, hasam zibilleri dörmäge namys edendigini, emma indi güzeranyň agyrlaşmagynyň bu duýgulary gaýra goýana meňzeýändigini belleýär.

Aşgabatdaky habarçylarymyz häzirki wagtda Türkmenistanda ilatyň ýetmezçilikde ýaşaýan ýene bir gatlagynyň garrylardygyny belleýär.

"Bahalar gitdigiçe artýarka, pensiýalaryň häzirki möçberi pensionerleriň gedaýlaşmagyna getirdi" diýip, habarçymyz belleýär.

Türkmenistanda minimal pensiýanyň resmi möçberi 72 dollara barabar bolup, tutuş Merkezi Aziýa regiony boýunça iň pesleriň biri hasaplanýar.

Soňky döwürde pensionerleriň pensiýa hakyny almagynyň düzgünleri kynlaşdyryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG