Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunda bolan ulag heläkçiliginde dört adam öldi we başga-da 10-a golaýy ýaralandy


Ýol heläkçiligi. Arhiwden alnan surat

Sil gelendigi sebäpli zyýan ýeten Aşgabat-Türkmenbaşy asfalt ýolunda ulag heläkçiligi boldy. Wakada dört adamyň ölendigini we başga-da 10-a golaýynyň ýaralanandygyny, Azatlyk Radiosynyň 1-nji aprelde heläkçiligiň bolan ýerine sapar eden habarçysy aýdýar.

Anonim şertde maglumat beren habarçynyň tassyklamagyna görä, 31-nji martda giçlik Balkan welaýatynyň gyrlaryndan akyp gelen sil suwlary 570 kilometr bolan Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň Aşgabatdan baranda, 392-nji kilometri bilen 405-nji kilometri aralygyndaky gündogar bölegini doly weýran edip, asfalt ýoluň 13 kilometrine golaýyny opurdy.

“Şol gije bu asfalt ýoluň şol böleginiň suwuň içinde ýatandygyndan bihabar Türkmenbaşa barýan dört awtoulag heläkçilige uçraýar. Olaryň ikisi suw çöketligine uçup girýär, bir ulag suwa girmejek bolup özüni zordan saklan mahaly, beýleki awtoulag oňa garama-gary baryp urýar. Bu ulaglarda ortaça 14 ýolagçy bar eken. Olaryň dördüsi heläkçiligiň bolan ýerinde aradan çykýar. Galan 10-a golaý adamyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygy aýdylýar” diýip, anonim şertde maglumat beren ýerli polisiýa işgärleriniň we ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp, habarçy 2-nji aprelde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýol heläkçilginde ýaralanan ýolagçylaryň ählisi Balkanabat şäheriniň keselhanalaryna alnyp gidilipdir. Azatlyk Radiosyna olaryň häzirki saglyk ýagdaýyny anyklamak başartmady.

Şeýle-de, Azatlyk Radiosynyň bu ýol heläkçiligi barada Balkan welaýat polisiýasyndan we häkimliginden kommentariýa almak synanyşyklary hem netije bermedi.

Azatlygyň habarçysy Aşgabat-Türkmenbaşy asfalt ýolunyň gürrüňi edilýän böleginde ägirt uly kölüň dörändigini aýdyp,bu aralygyňýol hereketiniň iň howply bölegine öwrülendigini hem belleýär.

“Kölüň çuňlugynyň 1,5-2 metr arlygyndadygy aýdylýar. Bu ýerde ýokary woltly elektrik energiýasyny geçirýän uly elektrik sütünleriniň 20-den gowragy doly ýykylypdyr. Olar suwuň içinde ýatyr. 1-nji aprelde bu sütünleri bejerýän diňe bir işçi topary bardy. Olar bu sütünlerdäki elektrikleriň düýbünden öçürilendigini aýtdylar. Ulaglar ýoluň diňe bir tarapyndan haýallyk bilen geçip bilýärler. Bu ýerde ýol hereketi juda howply” diýip, habarçy belledi.

Şeýle-de, bu ýoluň ugrundaky elektrik sütünleriniň ýykylmagy we olardan geçýän elektrigiň kesilmegi sebäpli Bereket şäheriniň, Däneata, Oboý, Uzynsuw, Isgender, Ok, Gaplaňly, Götin, Düwünçi, Ajyguýy, Kižžikýazy obalarynyň we Ýasgy pasýologynyň ýaşaýjylary 1-nji aprelden, ýagny öýlän sagat 12-den bäri toksuz otyr.

Ýatlatsak, bu waka Türkmenistanyň Balkan we Mary welaýatlarynyň käbir etraplaryna siliň gelmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

30-njy martda yzygiderli ýagan çabgaly ýagyşlar netijesinde dörän suw joşmalaryndan Mary welaýatynyň Tagtabazar şäherini, şol sanda şäheriň “Mikroraýon” diýilýän etrapçasyny sil basdy we bu ýeriň daşy harbylar hem-de polisiýa işgärleri tarapyndan gabalyp alyndy.

"Suw basan ýere esli wagtlap hiç kim goýberilmedi” diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň ýaşaýjylary sebitdäki suw joşmalary, ýollary we ilatly ýerleri basan sil suwlary zerarly bir hepde bäri gabawda, ýurduň başga ýerlerinden üzňelikde otyr diýip, 29-njy martda Azatlygyň ýerli habarçysy habar berdi.

Mart aýynyň 18-den 19-na geçen gije güýçli ýagan ýagşyň netijesinde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezini we 10-a golaý obasyny sil suwy basdy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow siliň gelendigini tassyklap, ýurduň goranmak ministrine duýduryş we onuň orunbasaryna käýinç yglan etse-de, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurduň etraplaryna gelen sil we onuň ýetiren täsirleri barada dymyp gelýärler.

Ýöne bu dymyşlygyň fonunda,Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Eýranyň güýçli çagba ýagmyrlarynyň netijesinde bolup geçen suw joşgunlaryndan ejir çeken welaýatlarynyň ilatyna özüniň duýgudaşlygyny beýan etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG