Bakuwda Türkmenistanyň raýaty Alimow Ýuzbek Selimowiç gaz zäherlenmesinden öldi diýip, Azerbaýjanyň “Trend” habar gullugy habar berýär.
Habarda aýdylmagyna görä, 2-nji aprelde Alimow ýük ulagynda Gürjüstandan Azerbaýjana sapar edip, getiren ýüklerini Türkmenistana transport etmek üçin Bakuwyň halkara deňiz söwda portuna barýar. 1963-nji ýylda doglan Alimow portda öz nobatynyň ýetmegine garaşýan mahaly, ýylynmak üçin gaz ballonundan peýdalanmak kararyna gelýär.
“Nobaty ýetende Alimow öz ulagyny işledip, hereketlenip başlamandygy üçin portuň garawullary gelýärler we ulagynyň äpişgelerini döwýärler. Şonda Alimowyň jansyz bedenini görýärler. Soňra onuň gaz zäherlenmesinden heläk bolandygy anyklanýar” diýlip, habarda aýdylýar.
Maglumatda bu waka barada Bakuwyň Nesimi etrap prokuraturasynyň derňewleri geçirýändigi bellenilýär.